A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Häzirki zaman döwlet kadalaşdyrylyşynyň nazarýet jähtleri


Download 121.66 Kb.
bet18/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Häzirki zaman döwlet kadalaşdyrylyşynyň nazarýet jähtleri

Bazar hojalygynda döwlet kadalaşdyryşy - ykdysadyýeti ösdürmek-de onuň durnuklylygyny saklamak ýa-da ony jemgyýete gerek bolan ugra üýtgetmek maksady bilen döwletiň mikro we makroykdysady ýagdaýlara maksada gönükdirilen täsir etmesidir. Döwlet kadalaşdyryşynyň çäreleriniň ulgamynda dürli taraplary - tejribe we ylmy taraplary tapawutlandyrýarlar. Iş tejribesi — bu döwlet kadalaşdyrylyşyny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň umumy jemi. Nazaryýet jähti – milli ykdysadyýetiň has netijeli ösdürilmegini emele getirmäge gönükdirilen yzygiderli ylmy esaslandyrmalaryň manysy, hereketi, çäreleri. Ylmy çemeleşmelere nusgalaryň we çaklamalaryň işläp taýýarlamalary degişlidir. Ykdysady pikir ýöretmäni emele getirmek ylmy jähtiň möhüm wezipesi bolup durýar. Manydan ugur alnyp, döwlet kadalaşdyrylyşynyň maksatlary kes-gitlenilýär. Ykdysady ylym kadalaşdyrmagyň esasy, ýokary maksadyna we amaly maksatlara global derejede garaýar. Islendik ýurtda iň ýokary maksat tutuş jemgyýetiň doly abadançylygynyň gazanylmagynda jem-lenýär. Ýöne onuň durmuşa geçirilmegini amaly maksatlara ýetmegiň kömegi bilen gazanyp bolar, olara şular degişlidir: ykdysady ösüş; doly iş bilen üpjünçilik; nyrhlaryň derejesiniň durnuklylygy we milli walýutanyň durnuk-lylygy. daşary ykdysady deňeçerlik. Ykdysady maksatlaryň ulgamynda ykdysady ösüşi üpjün etmek öňdebaryjy anyk wezipe hasap edilýär. Onuň çözülmegi jemi içerki önümiň (JIÖ) absolýut we otnositel artmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmek bilen beýleki bir möhüm mak-sat - iş bilen doly üpjünçiligiň talaplaryny kanagatlandyrmak utgaşýar. Onuň manysy - ilatyň ähli işe ukyply bölegini uzakmöhletleýin wagtda durnukly peýdalanmagyň doly mümkinçiligini gazanmak. Anyk wezipe täze iş orunlaryny döretmek we işsizlige garşy göreşiň beýleki usullary bilen çözülýär. Ýurdy ösdürmegiň bu çäreler toplumy iş bilen üpjünçi-lik syýasaty diýlip atlandyrylýar. Nyrhlaryň derejesiniň we milli manadyň durnuklylygy ykdysadyýetiň durnyklylygynyň şerti. Şonuň üçin garalýan maksada ýetmek döwletiň hereketinde möhüm çelgi bolup durýar. Yokarda sanalyp geçilen üç sany maksatlaýyn wezipäniň çözül-megi milli halk hojalygynyň çäklerinde degişli makroykdysady deňagramlylygy aňladýar we daşary ykdysady deňagramlylyga ýetmek üçin has amatly şertleri döredýär. Ol halkara söwda, kapitallaryň halka-ra hereketi, zähmet serişdeleri ulgamlaryndaky döwlet çäreleriniň top­lumy, töleg balansyny balansirlemegiň üpjünçiligi bilen goldanylýar.


Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling