A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň emele gelmegi
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň emele gelmegi “Seljuk türkmen döwletiniñ gönüden-göni dowamy Köneürgenç Türkmenleriniñ döwletidir. Köneürgenç türkmenleriniñ döwleti dargandan soñ, onlarça özbaşdak döwletler döreýär.Şeýle hem Köneürgenç gaty irki döwürlerden Oguz nesilleriniñ mesgeni hökmünde tanalypdyr. Köneürgenjiñ döwletini 1093-nji ýylda guran asly türkmen bolan Begdiliniñ neberelerinden Kutbeddin Muhammetdir, ol Köneürgenç häkimi Annuş hökümdaryñ ogludyr. Senetçilik we söwda ylaýtada uly üstünlikler gaznaypdyr. Nepis keramikanyñ köp sanly fragmetleri , çüýşe önümleri , dürli metal şaýlaryñ , gurallaryñ köp sanlysy bularyñ hemmesi senetçileriñ ussatlygynyñ ösüşiniñ dowam edenligini hem olaryñ önüminiñ şäher we oba ilatynyñ durmuşyna ýaýranlygyny görkezýär. Oba ýerlerinde käsipçiliginiñ ösmegi (ýüpekçilik , taraçylyk we. ş. m.) , şonuñ ýaly-da birentek obalarda bazarlaryñ bolmagy haryt- pul aýlanşyklaryna oba ilatynyñ barha giñden çekilendigini görkezýär . Muña köp mukdarda çykarylan altyn dinarlardan başga-da, birnäçe şäherde bir wagtyñ özünde çykarylan köp mis pul, ylaýta-da Horezm şasy Muhammet wagtynda köp çykarylan mis pul aýdyñ şaýatlyk edýär. Senetçiligiñ we içeri söwdanyñ hut şeýle ösmegi Horezim şalarynýñ döwletini mundan beýläk-de pugtalanmagy üçin şertler döredipdir. Içeri söwdadan başga-da , daşary söwda hem ösüpdir. Ozalkysy ýaly XII- XIII asyrlarda Horezimiñ Gündogar Ỳewropa bilen söwdasynyñ , şol sanda rus knýazlyklary bilen bolan söwdasynyñ möhüm ähmiýeti bolupdyr. Horezm täjirleri Wolga boýunça ýokarlygyna tarap uzaga söwda ekspedisiýalaryny geçiripdirler we ol ýerden garagulak , hamryň derilerini getiripdirler. Beýleki tarapdan rus täjirleri Horezmiñ paýtagty bolan Ürgenç şäherine ýygy-ýygydan gelip gidipdirler. Ykta sistemasy, mülkler , miras galýan iri mülkleri mysal üçin, bir eýýämden bäri taryhçy Nesewinin ata-babalaryna degisli bolan Harandiz galasy yaly miras galyan feodal mulkleri ozalkysy ýaly saklanyp galypdyr. Ykta düzgnini ýöredijiler we mülk eýeleri şol ýerlerde ýaşan daýhanlardan hyraj –alypdyrlar. XII asyryñ ahyrlarynda yktadarlaryñ şol ýerde oturan daýhanlardan diñe bir hyraç we beýleki salgytlar almaga haky bolmak bilen çäklenmän , olar şol daýhanlaryñ üstünden sud- administratiw ygtyýar etmäge hem hukuk alypdyrlar. Aýry-aýry welaýatlaryñ saklanyp galan feodal hökümdarlarynyñ merkezsizleşdirijilikli meýilleri we bir taraplaýyn dyryşmalary bilen bir hatarda Çingiz hanyñ nökerleriniñ zarplary astynda Horezm şalarynyñ ägirt uly imperiýasynyñ duýdansyz çaltlyk bilen çagşamagy şunuñ bilen düşündirilýär.
Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling