A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Nedir şa we onuň türkmenler barada alyp baran syýasaty. Nedir şa we onuñ türkmenler barada syýasaty. Keýmir kör


Download 121.66 Kb.
bet28/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия



Nedir şa we onuň türkmenler barada alyp baran syýasaty. Nedir şa we onuñ türkmenler barada syýasaty. Keýmir kör. XVI asyryñ başyndan bäri Eýrany dolandyryp gelen Sefewiler döwleti XVIII başlarynda synýar. Bu ýagadaý ýurduñ durmuşyna uly täsir edýär we ol hakykat ýüzünde birnäçe ownuk administratiw topara bölünýär. Günorta Eýarany owganlaryñ gilzaý tiresinden bolan Mir Mahmyt eýeleýär. Ol güýjüni jemläp, sefewileriñ paýtagty Yspyhany basyp alýar we özüni “Eýranyñ şasy” diýip yglan edýär. Mazenderanda, Gürgende türki dilli taýpalardan bolan gajarlar dinastiýasyndan Tahmasp häkimýeti ele alýar. Horasanda hiç kime-de boýun bolmak islemeýän birnäçe ownuk feodal birleşme döreýär. Döwürdeşleriniñ ýazmagyna görä, bu ýerde her şäher ýa-da gala, ilatly punkt özbaşdak hanlyga meñzeýär. Olaryñ arasynda häkimýeti ele almak ugrunda göreş tutaşýar. Ỳagdaýdan asly oguzlaryñ afşar tiresinden bolan, geljekde bütin Aziýa belli imperator, “Gündogaryñ Isgender Zulkarneýni” adyny alan Nedir şa (1688-1747) peýdalanýar. Ol 1688-nji ýylda Kelatyñ eteginde ýaşaýan, deri eýlemek bilen meşgullanýan garamaýagyñ maşgalasynda eneden bolýar. Afşarlar iki tirä – gasymlulylara we arhlulylara (kyrklulylara) bölünipdir. Nedir şa şolaryñ kyrklu tiresindendir. Nedirguly ilki Abywerdiñ töwereklerinde ýaşaýan türkmenleriñ üstüne galtamançylykly çozuşlary gurapdyr. Onuñ Abywertden 12-13 km. uzaklykdaky Nikki galanyñ töweregindäki ýemrelileriñ üstüne ýörişi türkmenleriñ garşysyna eden ilkinji uly ýörişidir. Şonda ýemreliler Nedirgula güýçli gaýtawul görkezipdirler. Uzaga çeken gabaw ýemrelileri hayrsoñy boýun bolmaga mejbur edipdir. Bu gaýtawuly ýokuş gören Nedirguly olara “göz görkezmek” üçin galany tep-tekiz edip ýemrelileri toparlara bölüp, çar tarapa göçüripdir. Nediriñ Merwe çozuşynyñ öñsyrasynda, ýagny 1723-24-nji ýyllarda ol ýerde 30-40 müñ çemesi adamyñ heläk bolmagyna getiren garahassalyk bolan eken. Kem-kemden adam ganyna öwrenşip barýan Nedirgulynyñ bu toprakdaky talañçylygy ýerli ilat üçin ikinji garahassalyk keseline öwrülipdir. Ol 1727-nji ýylda Merwi eýelemek bilen ony esesy suw desgasyny- Soltanbendi ýykdyryp, ilaty suwsuz goýupdyr. bu bolsa ekinleriñ guramagyna getiripdir. Nedirguly ýesirleri jezalandyryp, aýallary , çagalary gula öwrüpdir. Nedir Etrek – Gürgen sebitlerinde ýaşaýan türkmenleriñ üstüne-de çozup durupdyr. 1729-30-njy ýyllarda Nedirguly şanyñ adyndan hereket edip, Eýrandan owganlylary kowup çykarýar. Şondan soñ onuñ daşary ýurtlara basypalyjylykly ýörişleri başlaýar. Nedir şanyñ zulumyna çydamadyk türkmen taýpalarynyñ birnäçesi Hywa tarap göçüpdir. XVIII asyryñ 30-njy ýyllarynda olar Merkezi Aziýada Eýran basybalyjylaryna garşy çykar ýaly goşun birleşmeleriniñ esasyny düzüpdirler. Hywa hany Ilbars (1728-40) türkmen atlylaryna daýanyp, 1735-nji hem-de 1739-njy ýyllarda Horasana hüjüm edipdir. Nedir şa Türkmenistanyñ ýerlerine , türkmenleriñ üstüne duýdansyz goşun iberip, obalary otlap, mallary talap, ekinleri ýakyp , adamlary ýesilige äkidip durupdyr. Onuñ ürkmenler babatyndaky zalymlygynyñ çägi bolmandyr. her halda Nedire türkmenleri tutuşlygyna boýun egdirmek başratmandyr. 1736-njy ýylda goşunyñ kömegi bilen häkimýeti basyp alan Nedir “Eýranyñ şasy” diýlip yglan edilipdir we ony 1747-nji ýyla çenli dolandyrypdyr.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling