A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Täze Galkynyş we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalary


Download 121.66 Kb.
bet30/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Täze Galkynyş we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalary. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda bitewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, ylmy-tehniki işi alyp barmagy kämilleşdirmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň giňden durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-barlag edara-kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak we jemgyýetimiziň intellekual kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary we olar boýunça 2011-2015-nji ýyllarda alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriniň Sanawy, şol sanda:
Agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar boýunça; Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak arkaly ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistan boýunça 2011-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ekmegiň we hasyl öndürmegiň meýilnama görkezijileri, şol sanda:
welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinleriniň ýerleşdirilişi;
welaýatlar boýunça esasy oba hojalyk ekinleriniň ekilmeli meýdanlary we hasylyň öndürilmeli möçberleri tassyklanyldy. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek barada kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak hem-de pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine we welaýatlaryň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2011-nji ýylda Türkmenistan boýunça meýdanda pagtanyň ýokary önümçiligini üpjün etmek, gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy. «Suw hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen 2011-nji ýylda Türkmenistanyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň suwdan peýdalanyjylarynyň suwdan peýlanmagynyň çäkli möçberi tassyklanyldy.

Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling