A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Hususy telekeçiligiň ösmegi höweslendirmek we olara döwlet goldawyny bermek


Download 121.66 Kb.
bet22/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Hususy telekeçiligiň ösmegi höweslendirmek we olara döwlet goldawyny bermek

Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalaryny döwlet tarapyndan hasaba almakda, bu kärhanalar tarapyndan baglaşylýan geleşikleriň hasabyny ýöretmekde, bank amallaryny amala aşyrmakda, işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmakda, önümleri güwälendirmekde, önümçilik we söwda desgalaryny kärendesine bermekde, şeýle hem olaryň dürli edaralar tarapyndan barlanmagynda käbir päsgelçilikler bar. Şu nukdaýnazardan, telekeçiligiň dürli ugurlary boýunça kanunçylyk binýadyny ösdürmegiň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin amatly şertleri döretmek boýunça anyk çäreleri toplumlaýyn durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Maksatnamada kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary ýurdumyzyň orta we uzak möhletli durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglylykda alnyp barlar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr: Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň esasy maksady Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň durnukly we netijeli ösüşini üpjün edýän kanunçylyk binýadynyň hem-de ykdysady we durmuş şertleriniň döredilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, şu aşakdakylar kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň maksatlary bolup durýar: Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek we ony döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen, täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak, kiçi we orta telekeçiligi düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hem işler yzygiderli alnyp barlar. Býujet çeşmelerinden we býujetden daşary çeşmelerden telekeçiligi goldamak maksatlaryna goşmaça maýa goýumlaryny çekmek hem wajyp ugurlaryň hataryna goşular. Telekeçilik işinde uly möçberli taslamalary karzlaşdyrmak üçin, karz ugurlarynyň açylmagyny goldamak, agrosenagat toplumynyň pudaklarynda azyk we ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürýän kiçi we orta möçberli kärhanalary we önümçilikleri döretmek boýunça uly göwrümli işler alnyp barlar.




Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling