A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Hormatly Prezidentimiziň ideologiýalarynyň taryhy ähmiýeti


Download 121.66 Kb.
bet21/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Hormatly Prezidentimiziň ideologiýalarynyň taryhy ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda täze Galkynyş we beýik Özgertmeler eýýamynda bu gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar, ataWatanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy has-da belende galýar. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar ulgamynda tutýan orny örän uludyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler döwlet baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda özgertmeler syýasatynyň esasynda alnyp barylýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Türkmenistan BMG ýaly halkara abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolmak bilen öz üstüne alan halkara 96 gatnaşyklaryndaky borçlary doly ýerine ýetirýär. 2007-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň 62-nji mejlisiniň işine gatnaşdy we taryhy söz sözledi. Bu guramanyň her ýylky geçirilýän sessiýasynda onuň agzalygynyň biri ýolbaşçylyk edýär. 2007- nji ýylyň iýulynda biziň ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň wise-başlyklygyna saylanylmagy, şol ýylyň 10-njy dekabrynda bolsa Aşgabatda BMG-nyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar diplomatiýasynda gazanan uly üstünligidir Agzalan resminamanyň ady Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini äşgär beýan edýär. Ol ýörelgeleriň maksady, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň hal ýagdaýynyň ösdürilmegidir, beýleki dowletleriň ynamly ösüşine, BMG-niň ileri tutulýan ornuny ykrar etmek bilen bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmekdir. Netijede, Birleşen Milletler Guramasy türkmen döwletiniň başlangyjyny doly makullady we 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bu ugurdan gelip çykýan möhüm wezipeleri beýan edýän taryhy Rezolýusiýany kabul etdi. 2009-njy ýylyň 23-24-nji aprelinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ―Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty‖ atly ýokary derejedäki halkara ylmy maslahaty geçirildi.


Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling