A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Ýurdyň oba-hojalygynda düýpli özgerişler
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
- Bu sahifa navigatsiya:
- Zakaspiý oblastynyň döredilmegi
Ýurdyň oba-hojalygynda düýpli özgerişler. Milli ykdysadyýetimiziň tiz ösýän we özgerýän pudaklarynyň ýene-de biri agrosenagat toplumydyr. Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri, milli senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen bolelin üp-jün etmegi maksat edinýän bu toplumyň işi durnukly ilerleýär. Yurtda munuň üçin zerurbolan şertleriň, şol sanda ýokary öndürijilikli ekerançy-lyk ýerleriniň uly gorunyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň umumy giňişliginiň 491,12 inedördül kilometriniň 70%-ni oba hojalyk meýdanlaryň tutýandygyny bellemek hem ýeterlikdir. Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işini öza-ra utgaşdyrmak, şol esasda kärendeçilik we assosiasiýalar, paýdarlar jemgyýetleri görnüşindäki birleşmeleriň döredilmegi giň gerime eýe bolýar. Agrar sektorynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda iri daýhan birleşikleriniň 600-si, gurply daýhan hojalyklarynyň 1700-si döredildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere giň möçberli ýeňillikler, şol san-da ýerleri ýer eýelerine uzak möhletleýin berkitmek, salgytlardan doly boşatmak we beýleki amatlyklar berilýär. Oba ilatyna tehnikadan peý-dalanmakda, ýokary hilli tohumlary we dökünleri almakda berilýän 50 göterimlik ýeňillikler hem işiň netijeliliginiň artmagyna ýardam berýär.
Zakaspiý oblastynyň döredilmegi.Türkmenistanyň administratiw gurluşy we dolandyryşy hem Russiýanyň ähli kolonial çet ülkelerinde patyşa samoderžawiýesiniň bellän kolonial düzgüniniň esasy sypatlarynyň häsiýetindedi. 1881-nji ýylyň maýynda Zakaspiý harby bölüminden we Ahal-teke oazisiniň täze eýelenen welaýatlaryndan ybarat edilip Zakaspi oblasty döredilýär, onuň administratiw merkezi Aşgabat diýen türkmen obasynyň gapdalynda düýbi tutulan Aşgabat şäheri edilipdir. Täze oblastyň naçalnigi wezipesine general-leýtenant Rerberg bellenipdir. Zakaspiý oblastynda indi uýezdleri diýip at berlen ozalky iki pristawlyk bilen bir hatarda soňra Aşgabat uýezdine öwrülen Ahal-teke uýezdi hem girýardi.. 1884-nji ýylda Russiýanyň düzümine Mary oazisi girenden soň, Mary uýezdi döredildi, onuň düzümine bolsa iki pristawlykdan ybarat bolan Ýolöten we Saragt oazisleri girizildi. Edil şol ýylyň özünde Tejen derýasynyň aýaklary birleşdirilip, olardan Tejen okrugy döredildi, soňra ol Tejen uýezdine öwrüldi. 1885-nji ýylda birikdirilen Pendi oazisi Pendi pristawlygy diýen at bilen Mary uýezdiniň düzümine girizildi. Ahal-teke uýezdiniň düzümine Etek pristawlygy diýen at bilen Etek (häzirki Kaka etraby) girizildi. 1890-njy ýylda patyşa tarapyndan tassyklanan “Wagtlaýyn düzgünnama” esasynda Zakaspi oblasty Kawkaz harby Okrugyndan bölünip aýryldy. Oblast täze administratiw gurluşa eýe boldy. Ol bäş uýezde : Mangyşlak, Krasnowodsk, Aşgabat, Tejen we Mary uýezdlerine we ýedi pristawlyga – Krasnowodsk uýezdinde Çekişler we Garrygala pristawlyklaryna, Aşgabat uýezdinde Durun pristawlygyna, Tejen uýezdinde Saragt we Etek pristawlyklaryna, Mary uýezdinde Pendi we Ýolöten pristawlyklaryna bölündi. Galyberse-de, patyşanyň senata 1897-nji ýylyň 26 njy Bitaraplyk aýyndaky ukazy boýunça Zakaspi oblasty administratiw taýdan bolsa Türküstan general-gubernatorlygynyň düzümine birikdirildi, harby taýdan bolsa Türküstan harby okrugyna tabyn edildi. “Wagtlaýyn düzgünnama” laýyklykda Zakaspiý oblastyny dolandyrmak oblastyň naçalnigine ýüklenip, şol ýerde ýaşaýan goşunlar oňa tabyn edilipdi. Uýezdleriň düzümine girýän şäherler we ilatly punktlar bilen birlikde uýezdleri dolandyrmak uýezd naçalnikleriniň üstüne ýüklenipdi, harby-poliseý we raýat häkimiýeti-de olaryň elindedi. “Wagtlaýyn düzgünnama” bu naçalniklere ilatyň üstünden agalyk etmäge, her hili kastlary etmegine ýol açýardy. Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling