A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda jemgyýetiň sosial düzüminde we syýasy gurluşynda bolup geçen özgerişler
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
- Bu sahifa navigatsiya:
- Garrygala, Mary gajar söweşi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda jemgyýetiň sosial düzüminde we syýasy gurluşynda bolup geçen özgerişler
Türkmen döwleti, bilşimiz ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ykdysadyýetde Açyk gapylar syýasatyny, daşary syýasatda bolsa, hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi. Döwletimize 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Türkmenistanyň hakykatdan hem dünýäniň ýurtlaryna açyk bolmaklygy üçin ýurduň geosyýasy ýerleşişiniň amatlylyklaryny ulanmak maksady bilen gerek bolan aragatnaşyk kommunikiasiýa ulgamlary döredilip başlandy. 1994-nji ýylda Aşgabatda dünýä standartlaryna gabat gelýän aeroport toplumy işe girizildi. 1996-njy ýylyň maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly açyldy. Daşary ýurt inwestisiýalaryny çekmeklik üçin aragatnaşyk serişdeleri ulanylyp, myhmanhanalar gurulyp başlandy. Aşgabaat şäheriniň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi üçin amatly şertler emele gelýär. Şu we beýleki başlangyçlar täze Galkynyş eýýamynda has ösdürilip bu ýerde bar bolan ähli mümkinçilikler doly açylyp, Türkmenistanyň dünýä birleşiginiň derwaýys meselelerini çözmeklikde işewirligi ardyryldy. Bu döwürde Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny ýurduň we umuman, adamzadyň peýdasyna işewür ulanmaklyk meselesi has düýpli we toplumlaýyn çözülip başlandy. 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Demirgazyk-Günorta geçelgesi boljak Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gorgan halkara demir ýolunyň gurluşygyna başlandy. Bu ýol Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň territoriýasyndan geçmek bilen ykdysady taýdan bähbitli, onlarça ýurtlar üçin möhüm tranzit marşruty bolar. Tutuş Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa ýurtlary gysgaldylan marşrut arkaly günorta deňizlerine çykmaga mümkinçilik alarlar. Öz gezeginde şeýle mümkinçilik Pars aýlagynyň ýurtlaryna demirgazyk ugur boýunça dörär. Garrygala, Mary gajar söweşi. Türkmenleriň özbaşdaklygy Eýran şasyna ýaramaýardy. Bu bolsa täze-türkmen – Eýran uruşlaryna getirdi. 1857-58 ýyllarda Garrygala urşy bolup geçdi. Ol uruşda Eýran goşunyna Büjnürdiň kürt ilhany Japargyly han ýolbaşçylyk etdi. Ol 1846-50 ýyllarda Eýranda hökümeti ele salmak üçin gozgalaň edipdi. Gozgalaň ýeňilenden soň türkmenleriň içine gelip Ahalda tekeleriň ynamyna giripdi. Tekeler Japarguly hanyň ýolbaşçylygynda 3 ýyllap Eýranyň Büjnürt welaýatyna çapawulçylyk edipdir we Maşada hem Howp salypdyr. Japarguly hana teke serdarlarynyň käbiri ynanmandyr. Eýranda Nasyp ed-Din şa tagta geçensoň, Japarguly hanyň günäsi geçirilipdir we ýurduna gaçyrylypdyr. Nurberdi hanyň tabşyrygy boýunça ony 40 teke atlysy Tährana çenli ugradypdyr. Gaýtadan Büjnürt häkimligine bellenen Japarguly han türkmenlere dönüklik edip, özüni gutlamaga baran 60 sany täsirli teke wekilini ýesir saklapdyr. Onuň yzysürede Arçmana çapawulçylyk edipdir. Ol Eýran şasyndan tekeleri derbi-dagyň edip Garrygalany eýelemegi buýruk alypdyr. Şeýle kyn ýagdaýda gökleň, ýömut tireleri birleşip Japarguly hana berk gaýtawul beripdirler. Türkmen goşunyna Nurberdi han ýolbaşçylyk edipdir. Bu söweş Monjuklydepede bolupdyr. Türkmenlerden teke wekili Çopan kir, ýömutlardan-Pena serdar gaýduwsyzlyk görkezipdir. Garrugala söweşinden soň Eýran şasy Ahal bilen Hazar aralygyna öz täsirini ýitiripdir. Munuň bilen ylalaşmak islemedik Eýran şasy türkmen ýerlerini eýelemek niýetinden el çekmändir. 1861 ýylyň tomsynda Eýran şasynyň iň ýakyn garyndaşynyň biri Hemze Mürze 30 müň goşun, 32 top bilen Mary tekeleriniň üstüne hüjüme başlaýar. Bary – ýögy 10 müň goşun toplan Gowşut han uly serkerdelik ussatlygyny görkezipdir. Ol atlylaryny Maşada tarap iberip, ýolda duşmanyň üstüne bölekleýin çözup, olary ysgyndan gaçyrypdyr. Sarahs – Merw aralygynda gumda gajap goşuny köp kynçylyga sezewar bolup, Merwe gelende eýýäm söweşe ukypsyz bolupdyr. Parahatçylyk soýýän türkmenler gajap hanyna uruşmazlygy teklip edip Saparek diýen batyr ýigidi ilçi edip iberýär. Türkmenler, egerde gajap tarapy ýaraşygy makullasa, özleriniň Horasan ýoluny talamajakdygyny, hatda goşunda gulluk eder ýaly atly we pyýada esger berjekdigini teklip edýär. Ýöne gajap tarapy bu tekliplere türkmenleriň aldawy diýip düşünýär. Şeýdip iki tarap uruşmaly bolýarlar. Şeýlelikde, 1861 ýylyň Gorkut aýynda Jerendepe diýen ýerde gazaply söweş başlanýar. 6 sagada çeken bu söweş gajar goşunynyň doly ýeňilmegi bilen tamamlanýar. Bu söweşde Hemze Mürzäniň belli serkerdesi Muhammet Hasan hem öldürilýär. Duşman ýesirleriniň içinde fransuz syýahatçysy Gulibef de Blokwil hem bar eken. Merw tekelerine Ahaldan Nurberdi han hem kömege gelipdir. Şu wakadan soň Marylylar Nurberdi hana dul gelin Güljemaly aýallyga alyp berýärler. Mary-gajar urşundan soň türkmen ýerlerine goňşy döwlet bolan Eýranyň, Buharanyň, Hywanyň basybalyjylykly ýörüşleri tamamlanýar. Abdusetdar Kazy bu urus hakynda“Jeňnama”eserinde yazyp beyan edyar. Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling