A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet1/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124


A.Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri.
Biziň er. öňki 330-njy ýylyň ortalarynda Aleksandyr Makedonskiý Günbatar Türkmenistanyň territoriýasynyň esli bölegini-de öz içine alýan Girkaniýa Satraplygynyň çäklerine aralaşypdyr. Ol ýerde oňa Girkaniýanyň we Parfiýanyň Dariý III tarapyndan bellenen satraby Fratern we parslaryň atly han-begleri özleriniň tabynlygyny mälim edipdirler. Girkaniýa söweşsiz boýun egipdir. Şondan soň Iskender Züklarneýin asly parfiýaly Atminapy Girkaniýanyň we Parfiýanyň satraby edip belläpdir. Aleksandr Makedonskiý Girkaniýanyň we Parfiýanyň territoriýasyndaka, Baktriýanyň satraby Bess ýurduň paýtagty Baktriýada özüni “Aziýanyň patyşasy” diýip yglan edip, “ArtakserksIII” diýen tagt adyny alypdyr. Şondan soň ol parslaryň patyşasy hökmünde özüniň Aleksandr Makedonskä garşy göreşde goldanmagyny halkdan haýyş edipdir. Bessi Baktriýa satraplygyndan başga Sogd satraplygy-da, Ariý satraplygy-da goldapdyr. Biziň er. önki 329-njy ýylda Aleksandr Makedonskiý Parfiýadan Ariý satraplygyna ugrapdyr. Onuň gelýän habaryny äşiden Ariý satraby Satibarzan Parfiýa bilen serhetdeş Susiýa şäheriniň eteginde (Mäne – Çäçäniň golaýynda) serkerdäniñ öňünden çykyp, özüniň onuň tarapyna geçýändigini aýdypdyr. Aleksandr Makedonskiý gidenden az wagyt geçensoň, Satybarzan grekleriň gözegçi otrýadyny gyryp Aride gozgalan turzupdyr. Bu habary eşiden Aleksandr Makedonskiý uly goşun bilen iki günde 110 km. Ýöl geçip Ariý welaýatynyň paýtagtyna gelýär we gozgalaña gatnaşan adamlardan oç alýar. Şondan soň Aleksandr Makedonskiý gelip çykyşy boýunça eýranly Arsy Ariý welaýatynyň satraby diýip yglan edip, öz ýörişini dowan edipdir. Aleksandr Makedonskiniň ýörişi we Ariý ýurdunda bolan gozgalanlaryň rehimsiz basylyp ýatyrylmagy häzirki Türkmenistanyň şol sonda Sarahs oazisiniň köp obasynda ýaşaýşyň kesilmegine sebäp bolupdyr. Urşuň netijesinde köp sanly irrigasion kanalar ýumrulypdyr, köne Sarahs galasy uly weýrançylyga sezawar edilipdir. Aleksandr Makedonskiý 328-nji ýylyň ýazynda Hindiguş daglaryndan geçip, Baktriýa aralaşypdyr. Muny eşiden Bess öz goşunynyň güýjüne ynamy bolman, Amyderýadan geçip,demirgazyga tarap çekilipdir.Şol yerde Bessiñ öñki egindeşleri ony tussag edip,Aleksandr Makedonskiniñ serkerdeleriniñ birine beripdir. Makedonskiy Termez bilen Bosaganyñ aralygynda Amyderyadan geçip, Sogdiananyň jümşine tarap ýörişini dowam edtiripdir.Yurduñ merkezi şäheri bolan Marakandany eyeläpdir. Bu ýerde oňa garşy Sogdy han-begleriniň biri Spitamen halk gozgalañyny başlapdyr. Bu gozgalaña Türkmenistanyň häzirki Lebap welaýatynyň Farap we Çärjew etraplarynda ýaşan ilat hem işeňňir gatnaşypdyr. Aleksandr Makedonskiý täze basyp alan ýerlerinde hökmürowanlygyny pugtalandyrmak üçin ýerli han-beglri öz tarapyna çekmäge synanyşyk edipdir. Ol boýun egdirilen welaýatlarda öz täsirini nika gatnaşyklary arkaly berkitmäge-de çalşypdyr. Onuň özi Sagdianada ýaşan Oksiart atly baktriýaly begiň Roksana atly gazyna öýlenipdir, ýöne bu nikadan çagasy bolmandyr şonuň üçin ol Ahemenit patyşalarynyň ikisiniň: Artakserks Ohyn (Artakserks III) we Dariýa III gyzlaryna öýlenipdir. Onuň ýökary mertebeli serkerdeleriniň 80 Aziýaly begleriň gyzlaryna öýlenipdir, 10 müň ýönekeý esger ýerli gyzlar bilen patyşanyň hasabyna toý tutupdyr.

Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling