Bütindünýä çökgünligi şertlerinde Türkmenistanyň amala aşyrýan umumydöwlet syýasy strategiýasy
Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň täze tapgyry başlandy, ol bütindünýä ykdysady çökgünligiň zähmet we kapital bazaryndaky deňagramlylygy saklamakda bar bolan meseleleri ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykardy. Çünki ykdysady çökgünlik çuňňur häsiýetli maliýe çökgünliginden başlandy, ol bolsa, belli bolşy ýaly, maliýe we pul-karz ulgamy bilen iş ýüzünde bar bolan sektoryň arasyndaky düýpli aratapawut görnüşinde ýüze çykdy. Şeýlelik bilen, biz bellibir derejede dünýä mekdebiniň „yhlasly okuwçylaryna“ öwrüldik: biz dünýä ösüşinde goýberilen düýpli ýalňyşlara ähli aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik alýarys. Ol ýalňyşlaryň biri-de bazaryň jemgyýetçilik islegiň we ony kanagatlandyrmaga gönükdirilen teklibiň arasyndaky deňagramlylygy sazlaşdyrýan esasy gural hasap edilmegi bilen baglydyr. Mundan başga-da bazar mehanizmi adam kapitalyna, ýagny başlangyç we orta bilime, saglygy goraýşa, medeniýete, sporta we beýlekilere gönükdirilmeli maýa goýumlaryň degerli derejesini üpjün edip bilmeýär. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde we ýurduň öz içinde bolup geçýän hadysalary içgin öwrenmek, derňemek we geljekki ösüşleriň deslapky ýollaryny anyklamak boýunça düýpli iş geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iri pudaklary bolan nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, dokma we pagta arassalaýjy senagatlarynda maliýe-ykdysady ýagdaýlary yzygiderli derňemek işi ýola goýuldy. Monitoringiň aýratyn bir ugry maliýe ulgamy bilen baglydyr. 2008-nji ýylyň noýabr aýynda ykdysady çökgünligiň öňüni almak çäreleriniň maliýe üpjünçiligini, şeýle-de ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmagy berjaý etmek maksady bilen Döwlet býujetinde emele gelen profisitin (peýdaň) hasabyna Stabilizasiýa gory döredildi. 2009-njy ýylyň ýaz aýlarynda Türkmenistany durnukly we yzygiderli ösdürmek boýunça çökgünlige garşy çäreleri, maslahatlary we teklipleri taýýarlamak boýunça Komissiýa döredildi.
Do'stlaringiz bilan baham: |