A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Döwlet býujeti, onuň mazmuny we funksiýalary 1) býujet


Download 120.6 Kb.
bet7/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Döwlet býujeti, onuň mazmuny we funksiýalary 1) býujet
Döwlet wezipelerini we işlerini maliýe taýdan üpjün etmeküçin niýetlenen pul serişdeleriniň emele getirilmeginiň we harajat edilmeginiň görnüşi; 2) býujet amallary – girdejileri geçirmek, çykdajylary maliýeleşdirmek boýunça amallar hem-de býujeti ýerine ýetirmegiň barşynda amala aşyrylýan beýleki amallar; 3) býujet çykdajylary – býujetiň döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň wezipeleriniň we işleriniňmaliýe taýdan üpjün edilmegine gönükdirilýän pul serişdeleri; 4) býujet edarasy – Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan dolandyryş, durmuş-medeni, ylmy-tehniki ýa-da täjirçilik häsiýeti bolmadyk başga wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin döredilen, işi degişli býujetden borçnamalar we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalary esasynda maliýeleşdirilýän edara; Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetlerine şular degişlidir: 1) Türkmenistanyň Döwlet býujeti we Merkezleşdirilen býujet; 2) ýerli býujetler, olara şular degişlidir: a) welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň býujeti; b) şäherdäki etrabyň býujeti; ç) etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň býujeti. Türkmenistanyň Döwlet býujeti döwletiň meýilnama döwri üçin maliýe meýilnamasy bolup durýar, onda gelip gowuşmaly girdejileriň we döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini üpjün edýän çykdajylaryň maliýeleşdirilmeli möçberleri, maýa goýum we innowasion işiň maliýeleşdirilişikesgitlenýär.
Döwleti makroykdysady düzgünleşdirmegiň zerurlygy
Bazar ulgamynyň häzirki zaman şertlerinde, aýratyn hem geçiş döwrüni başdan geçirýän ykdysadyýet şertlerinde, şol sanda türkmen ykdysadyýetinde döwletiň ykdysadyýeti sazlaşdyrmakdaky orny mak­roykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Munuň birnäçe obýektiw häsiýetli sebäbi bar. Birinjiden, döwrebap ykdysadyýetiň köpugurlulyk şertlerinde bazaryň gowşak taraplaryny we gönüden-göni kemçiliklerini düzetmek, olaryň öwezini dolmakzerurlygy bar. Islendik jemgyýetçilik gurluşynda--da bazar ýaşaýyş üçin möhüm bolan ugurlaryň we meseleleriň hem-mesini dolulygyna çözüp bilmeýär, mysal üçin, bilim hem şahsyýetiň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin zerur bolan şertler, durmuş ada-latlylygy, ekologiýa we beýleki ugurlar köp ünsi talap edýär. Şol sebäp-den hem ähli ünsüň diňe bazar gatnaşyklaryna gönükdirilmegi işleriň bir ýana syrygyp, gyradeňligiň bozulmagy we bu ýagdaýyň ýetirýän zeleliliniň ýüze çykmagy ahmal. Mundan başga-da, bahalary bellemek, çykarylýan önümleriň sa-nawyny hem mukdaryny giňeltmek, ykdysadyýetiň düzüm gurluşyny täze tehnologiýalary işe ornaşdyrmak mehanizmlerini başarnykly hem ýerlikli peýdalanmak ýaly çäreler islenilişinden haýal, käwagt bolsa duýdansyz bolup geçýär. Başga tarapdan alanyňda, aýratynlyk-da alnan kärhana ýa-da önüm öndüriji wakalaryň ýagdaýy baradaky maglumaty dolulygyna alyp bilmeýär, şol sebäpden hem onuň amala aşyrýan makroykdysady çäreleri yzygiderli häsiýete eýe bolup bil­meýär, öňünden meýilleşdirilmeýär, makroderejäniň esasy şertlerine we talaplaryna laýyk gelmeýär. Şeýle ýagdaý, aýratyn hem, önüm-çilik işi uzaklaşdyrylan pudaklara (oba hojalygy, ýerasty baýlyklary gazyp alýan we beýlekilere) degişlidir. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çy-kanda, bar bolan baýlyklaryň netijeli bölünmeginiň tersine, harytla-ra we hyzmatlara bolan islegiň hem olaryň öndürilişiniň arasyndaky sazlaşykly gyradeňlik ýitip, ykdysady ösüşde düýpli bökdençlikler ýüze çykýar. daşarky hem içerki şertleriň göni täsiri bilen ýüze çykýan döwür-leýin yraň atmalar ýüze çykýar; milli ykdysadyýetiň ösüş depginleri bat alýar, ýöne alynýan ykdy-sady peýdanyň derejesi pes bolmagynda galýar; bazar gatnaşyklarynyň tutýan orny hem önümçilik işiniň integra-siýasy täze derejelere çykýar, ýöne şol bir wagtda-da makro we mikroulgamlar üçin başarjaň iş dolandyryjylary terbiýeläp ýetişdirmegiň de-­rejesi makroykdysady ýagdaýyň umumymilli derejesinden pesde bol­-magynda galýar.

Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling