A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Adam faktoryny hil taýdan ýokary derejä ýetirmek
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
- Bu sahifa navigatsiya:
- Altyn-depe sebitde iň ilkinji säher döwletidir.
Adam faktoryny hil taýdan ýokary derejä ýetirmek.
Türkmenistan özüniň ägirt uly serişde mümkinçiliklerinden, geostrategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändiginden, hemişelik Bitaraplyga esaslanýan syýasy ugrunda we umumy dünýä siwilizasiýasynda görnükli yz galdyran müňýyllyk taryhy bolan halkyň ruhy taýdan öz maksatlaryny durmuşa geçirmegiň zerurdygyndan ugur alyp, dünýä ýörelgeleriniň täze ulgamyna goşulmalydy we içerki ösüşini dowam etmelidi. Ähli zady: ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary, ozalky we täze tejribäni, maksatlary we wezipeleri, usullary we serişdeleri täzeden dikeltmek zerurdy. Türkmenistan “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary yglan etmek bilen, bu örän gysga we özüniň çuň manysy boýunça ähli zady öz içine alýan taglymatda jemgyýetçilik ösüşi babatda häzirki zaman ideýasy baradaky garaýşy, bu işe adam şahsyýetini işjeň çekmek baradaky pikiri hem jemledi. Jemgyýetiň hakyky gymmatlygynyň baýlyklarda däl-de, eýsem adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetleriniň netijesindedigini durmuş subut etdi. Jemi milli önümi öndirmäge, ony “adam faktoryny” nazara alyp paýlamaga geçmelidir. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy bellenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň öz hukuklarynda we borçlarynda çuňňur esaslandyryp hem-de gyzyklanyp garamagyny üpjün edýän raýat jemgyýetini döretmegiň wezipeleri kesgitlendi. Biziň halkymyza ýokary derejede zähmetsöýerlik mahsusdyr. Döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy baradaky ýörelgäni yglan edip, önümçiligi ösdürmegiň esasy serişdelerini adam faktoryndan we adamlaryň döwletiň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde, onuň ähmiýeti uludyr. Adam faktorynyň hil taýdan ýokary derejesine ýetmek degişli durmuş gurluşyny talap edýär. Bu bolsa ösen döwletlerde täze ylmy we tehniki tehnologik binýady bolan ykdysadyýetiň anyk pudagynyň hasabyna üpjün edilýär. Altyn-depe sebitde iň ilkinji säher döwletidir. Ol ikinji metal asyry bolup, Türkmenistanda b.er. öň III-II müň ýyllyklary öz içine alýar. Bu döwürde enelik urugyndan atalyk urugyna doly geçilýär. Bürünç döwrüniň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy şol zamanda ozalkylara garanyňda has ýokary tertipli taýpa birleşikleri döräp, olaryň administratiw merkezleri, goranyş berkitmesi bolan şäherlerde ýerleşipdirler. Şeýlelikde burunç zamanynda ilkinji şäherler ýüze çykyp başlaýar. Şol döwürde dörän şäherlerden biri Altyndepe bolup, ol Kaka etrabynyň Mäne we Çäçe obalarynyň 3 km. Gündogarynda ýerleşýär. Bu ýadygärlik ýuzdymyzda iň gadymy siwilizasiýanyň bolndygyny subut edýär. Altyndepe goranyş berkitmesi, Mesopotamiýa ybadathanasyna meňzeş düýpli desgalar, ýaşaýyş jaýlary, Hindistandan getirilen pil süňklerini öz içine alýan hazynalar, toýundan ýasalan aýal-heýkejikleri tapyldy. Altyndepede geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri maddy we ruhy gymmatlyklardan başga-da, gadymy adamlaryň fiziki keşbi we ömri barada ençeme maglumatlar berdi. Tapylan adam süňk galyndylaryna görä 4-5 müň ýyl mundan ozal Altyndepede ýaşan illatyň 2/3 essesi 35 ýaşyna ýetmän ölüpdirler. Çaga ölümi juda köp bolupdyr. 60-70 ýaşyna ýeten adamlar gaty seýrek bolupdyr. Spesialistleriň – antropologlaryň maglumatlaryna görä, Altyndepede 5 müň töwerekleri ilat ýaşan, olaryň ömrüniň ortaça uzaklygy 23 ýaş töwerekleri bolupdyr. Ilatyň aglaba köpüsi uzyn boýly bolupdyr. Ilat eýýäm altyn, kümüşden ussatlyk bilen her hili zatlar ýasapdyrlar. Altyndepe-de – Hindistanda, Pakistanda, Mesopotamiýada öndürilen zatlaryň tapylmagy, ilatyň şu döwletler bilen gatnaşykly bolandygyna şaýatlyk edyär. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu şäherleriň boşap galmagy tebigy geografik şertler bilen baglanyşykly bolmaly. Ýüzlerçe ýyl peýdalanylan ýerleriň şorlap, ekerançylyk üçin amatsyzlaşmagy, ýa-da birnäçe ýyllap yzygiderli gurakçylyk bolmagy mümkin.Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling