A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Döwletiň ykdysady roly: taryhy jäht
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
- Bu sahifa navigatsiya:
- Durmuşa gönükdirilen garyşyk görnüşli bazar ykdysadyýetiniň manysy we ýüze çykmagynyň görnüşleri
Döwletiň ykdysady roly: taryhy jäht
Milli ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynda ykdysady na-zaryýet ägirt uly ähmiýete eýedir, aýratyn hem tranzitiw ykdysady şertlerde, has dogrusy, bazar ykdysadyýetine geçilende uly ähmiýete eýedir. Dünýä tejribesi durmuş-ykdysady ösüşde hut döwletiň artyk-maç rola eýedigini görkezýär. Sebäbi döwletiň amala aşyrýan wezipe-si milli ulgamyň ýaşaýyş durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar. Anyk bazar ykdysadyýeti hatda kemala gelen halatynda hem hiç haçan döwletiň kadalaşdyryş wezipesi bolmazdan oňup bilmändi. Wagtyň geçmegi bilen döwlet kadalaşdyrylyşynyň diňe wezipeleri, görnüşleri gurallary we onuň möçberleri üýtgäpdi. Bu işler häzir hem hemişelik kämilleşdirmegiň tapgyrynda durýarlar. Durmuşa gönükdirilen garyşyk görnüşli bazar ykdysadyýetiniň manysy we ýüze çykmagynyň görnüşleri Administratiw - buýruk beriji ulgamdan durmuş bazar hojalygyna geçmegiň emele gelşiniň barşynyň ösüşiň dürli ykdysady nusgalaryna we ykdysady jähtlere daýanýandygyny taryhy tejribe görkezýär. Başga görnüşe geçmegiň uniwersal nazaryýeti ýok we ol mümkin hem däl-dir. Yöne bu geçişiň nazaryýet jähti diýseň möhümdir we zerurdyr. Ol milli özboluşlylyga jogap berýän ykdysady jähtiň işlenilip taýýarlanyl-magyndan, administratiw ulgamdan durmuş bazar hojalygyna geçmek üçin mehanizmi we guraly döretmekden ybaratdyr. Geçiş ykdysadyýet-li ýurtlaryň öňünde birnäçe möhüm we düýpli meseleler durýar: bazar ykdysadyýetiniň haýsy nusgasyny saýlap almaly, iş ýüzünde ony nähi-li durmuşa geçirmeli, bu geçişiň durmuş manysy nämeden ybarat. Bu meseleleriň nähili netijeli we öz wagtynda çözüljekdigi milli ulgamyň ähli ulgamlarynda we ýurduň ösüşiniň bitewüleýin durnuklylygyna bag-ly bolup durýar. Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti bazar ykdysadyýetiniň has ösen görnüşi hasaplanylýar, onda hojalygy ýöretmegiň bazar erkin-ligi sosial deňleşdirmäniň, durmuş ösüşiniň ýörelgesi bilen utgaşýar. Durmuş bazar ykdysadyýetini emele getirmegiň maksady bäsleşikli ho-jalyk esasynda ykdysady erkinligi we tagallany hojalygy ýöretmegiň bazar usuly bilen üpjün edilen durmuş ösüşi bilen birleşdirmekde jem-lenýär. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetini durmuşlaşdyrmagyň dereje-sinde tapawutlyk bardyr, muny onuň milli nusgalarynyň - şwed, ýapon, golland, german we beýleki nusgalarynyň bardygy düşündirýär. Ilatyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuşynyň iň ýokary ösüşini üpjün etmek - ilatyň durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamynyň zerur-lygy durmuş bazar ykdysadyýetiniň esasy maksady. Bu maksat özün-de durmuş üpjünçiligini, durmuş kepilini, durmuş kömegini, durmuş ätiýaçlandyrmasyny jemleýär. Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling