A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet8/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Döwletiň pul-karz ulgamy.
Pul karz syýasaty – bellenilen durmuş-ykdysady we syýasy maksatlara ýetmäge gönükdirilen puluň dolanyşygy we karz babatda döwlet çäreleriniň umumy jemidir. Pul-karz syýasaty ykdysadyýet babatynda döwlet syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Bazar gatnaşyklarynda hojalygy ýöretmegiň we ykdysadyýete täsir etmegiň şertlerini emele getirmegiň guraly bolup durýar. Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde pul-karzy kadalaşdyrmak pul dolanyşygynyň guralyşyna we banklaryň esasy rol oýnaýan töleg-hasaplaşyk amallaryna daýanýar. Türkmenistanda iki derejeli bank ulgamy hereket edýär.Bank ulgamynyň birinji derejesini Merkezi bank, ikinji derejesini täjirçilik banklary emele getirýärler.Merkezi bank bank ulgamynda esasy kadalaşdyryjy zweno bolup durýar.Şonuň üçin onuň esasy işi pul-karz ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Täjirçilik banklarynyň görkezijileri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýar. Täjirçilik banklary dürli görnüşli amallaryň toplumyny amala aşyrýarlar. Olaryň esasylary bolup şu aşakdakylar durýarlar: depozitlere serişdeleri çekmek we karz alyjylar bilen ylalaşyk boýunça karzlary bermek; edara görnüşli we maliýe taraplaryň tabşyrygy boýunça hasaplaşyk – töleg amallaryny amala aşyrmak; müşderilere kassa hyzmaty; lizing amallary; bank kepillikleri bermek we ş.m.
Döwletiň uzak möhletleýin maksatlaryny makroykdysady taýdan düzgünleşdirmek işi
Häzirki şertlerde Türkmenistanda amala aşyrylýan makroykdysady syýasat umumy ykdysady görkezijileriň gyradeňlik häsiýetini üpjün et­mäge gönükdirilen döwlet düzgünleşdiriş çäreleriniň tutuş bir toplu-myndan ybaratdyr. Makroykdysady düzgünleşdiriş işi durnukly ykdysady ösüşi gazan-maga, bahalaryň durnuklylygyny hem-de ýurduň maliýe pudagynyň ne-tijeli işlemegini, ahyrky maksadynda bolsa halkyň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu işde döwlet makrodüzgünleşdiriş çäreleriniň ýurduň hemmeta-raplaýyn potensialyny durmuşa geçirmäge we milli ykdysadyýeti düýp-li döwrebaplaşdyrmaga esaslanýan ugurlaryna aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzda munuň üçin zerur bolan düýpli şertleriň hemmesi - syýasy we jemgyýetçilik abadançylygy, ummasyz tebigy baýlyklar, önümçilik we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döwrebap ulgamy, toplanylan ma­liýe serişdeleri, döwletiň ýokary halkara at-abraýy, daşary bazarlarda emele gelen amatly ýagdaýlar, zähmet resurslarynyň ýeterlik derejede bolmagy ýüze çykandyr. Häzirki döwürde maliýe ulgamynda başy başlanan düýpli özgertmeler, netijeli işleýän maliýe gurallarynyň geriminiň giňeldilmegi ýakyn geljekde özüniň mynasyp dowamyny tapar. Bu çäreler maýa goýum serişdelerine ösýän islegleri kanagatlandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň düýpli gorlarynyň artmagyna getirmelidir. Ol bolsa, öz nobatynda, oňyn ykdysady ösüşleri üpjün edýän düýpgöter täze maliýe ulgamynyň kemala gelmegine getirer. Şu ýerde strategik ähmiýetli hökmünde bellenilen ugurlaryň her birisiniň döwlet derejesindäki maksatnama hökmünde kabul edilendigini, olary berjaý etmegiň özüneçekijiligini artdyrmak maksady bilen dürli ýeňillikleriň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Garalýan döwre bellenilen toplumlaýyn maksatnamalar umumymilli maksatlara hem ýörelgelere esaslanmalydyr, ykdysady taýdan doly delillendirilen bolmalydyr, berjaý edilmeli möhletleri hem tapgyrlary, şeýle-de bu ugurda buýrujy we potratçy bolup çýkyş edýän taraplar aýdyň kesgitlenilmelidir.

Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling