Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar:
1. Oguzlaryň oturýan obasyna duşman dökülende, nähili waka ýüze çykýar? 2. Depegöz nämeden emele gelýär? 3. Depegöz nähili jandar bolup ýetişýär? 4. Onuň zulumyndan nähili ýol bilen dynýarlar? 5. Besediň edermenligine siz nähili düşünýärsiňiz? Türkmen halk döredijiliginiň taryhynda «Gorkut ata» kitabynyň aýratyn orny bardyr. «Gorkut ata» gadymy türk- men eposy bolup, ol «boý» diýip, atlandyrylan birnäçe özbaşdak hekaýadan ybaratdyr. Her bölüminiň özbaşdak many-mazmuny bolsa-da, Gorkut atanyň obrazy onuň her bir bölüminde aýratyn orun tutýar. Şeýlelikde, bu ýagdaý eseri bitewileşdirýär, ony aýratyn bir epos hökmünde göz öňüne getirmäge ýardam edýär. «Gorkut ata» eposy käbir edebi çeşmelerde «Däde Gor- kut kitaby» ýa-da «Kitaby Däde Gorkut» diýip atland- yrylýar. Gündogaryň käbir alymlary taryhda Däde Gorkut ýa-da Gorkut ata atly uly bir şahsyň bolandygyny, «Däde Gorkut kitabyny-da» şonuň ýazandygyny belleýärler. 29 Her niçik-de bolsa «Gorkut ata» – türkmenleriň ata-ba- balary bolan gadymy oguzlaryň gahrymançylykly eposydyr. Onda türkmen halkynyň geçmiş taryhy-jemgyýetçilik, yk- dysady, ahlak durmuşlary özüniň çeper beýanyny tapýar. Eserdäki baş ideýa, tutuşlygyna alanyňda, gahryman- çylykdyr. Bölümlerde türkmen taýpalarynyň keseki ýurt basybalyjylaryna garşy agzybirlik bilen alyp baran söweş- lerinde mertlik, batyrgaýlyk görkezişleri, Watany, il-güni berk durup goraýyşlary suratlandyrylýar. Eposda ýoldaşa – dosta wepalylyk, mertlik, gaýratlylyk türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetler hökmünde görkezilýär. Eserde aýal-gyzlaryň durmuşda tutýan ornuna hem aýra- tyn baha berilýär. Türkmen gelin-gyzlary erkekler bilen deň hatarda söweşýärler, ýoldaşa wepaly bolmagyň ajaýyp nus- gasyny görkezýärler. «Gorkut ata» eposy türkmen dessanlaryna mahsus bo- lan kyssa hem goşgy gatyşykly düzülip, onuň kyssasynda wakalar beýan edilse, şygrynda gahrymanlaryň içki pikirleri ýüze çykarylýar. «Gorkut ata» eposyny öwrenmekde hem ile ýetirmekde görnükli edebiýat taryhçysy professor Ý.E.Bertels bilen bir hatarda Ahmet Ahundow Gürgenli, Mäti Kösäýew, Sapar Ahally, Ata Rahmanow ýaly türkmen edebiýatçy alymlary uly iş bitirdiler. Türkmenleriň «Gorkut ata» eposy X–XI asyrlara, hat- da käbir bölümleri VI–VII asyrlara degişli bolup, türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny, adat, ykdysady, ahlaky durmuşlaryny öwrenmekde bu eseriň örän uly ähmiýetli tarapy bardyr. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling