Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

Göwnaçmalar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin milli baýram-
çylyklar ýaly göwnaçma çäreleriniň uly terbiýe berijilik ähmiýeti 
bardyr. Göwnaçmalary her bir topar aýratynlykda günüň ikinji ýary-


84
iii bap
mynda guraýar. Olary aýda 2-3 gezek geçirmeklik maslahat berilýär. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalar özbaşdaklygy, döredijilik işleri bilen meş-
gul bolmagy örän gowy görýärler. Çagalar bagynda dürli mazmunda 
gurnalýan göwnaçma agşamlarynyň üç hili görnüşi bardyr: 
Uly ýaşly adamlaryň çagalar üçin guraýan göwnaçma çäreleri. 
Çagalaryň öz güýçleri, döredijikleri boýunça guraýan göwnaç ma 
çäreleri. 
Ulularyň hem-de çagalaryň bile gatnaşmagynda guralýan 
göwnaçma agşamlary. 
Ýurdumyzda howa şertleriniň maýyl bolmagyna görä, göwnaçma 
çäreleri daşarda ýörite niýetlenen basdyrmalaryň aşagynda guralsa 
has gowy, gyzykly, şowhunly geçýär. Göwnaçma çäreleri uly we 
mekdebe taýýarlaýyş toparynda özbaşdak guralýar. 
Çagalaryň özbaşdak göwnaçma agşamlaryny meýilnamalaş dyr-
maga ähli taýýarlyk işlerine ýakyndan kömek etmelidir we maslahat 
bermelidir. 
Göwnaçmalaryň mazmuny örän köpdürlüdir. Çagalar mazmun 
taýdan kyn bolmadyk ertekileri, hekaýalary sahnalaşdyryp, aýdym 
aýdyp, goşgy okap, şagalaň guraýarlar we ş.m. Uly toparyň çagalary 
gurjaklary oýnadyp, oýun guraýarlar. Çagalar toparlara, toparjyklara 
bölünip, sport ýaryşlaryny gurnaýarlar. Göwnaçma çärelerini aýdym-
sazsyz göz öňüne getirmek kyndyr. 5-6 ýaşlaryndaky çagalar sa za 
goşup, tans etmegi gowy görýärler. Käbir geçirilýän göwnaçmalar 
aýdym-sazy diňlemeklige bagyşlanýar. 
Çagalar baglarynda toparyň çagalarynyň doglan günlerini (2-3 
çagany goşup) aýdym aýdyp, tans edip, belläp geçmek hem bolýar. 
Günüň ikinji ýarymynda mümkinçilik bar ýerlerinde 20-25 minut ça-
galara niýetlenen multflmlere tomaşa etmek bolar. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling