Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Maksatnama maglumatlaryny seçip almak
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
Maksatnama maglumatlaryny seçip almak.
Maksatnama maglumatlary bir aýlyk seçilip alynýar. Şonda magluma tlaryň gaýtalanýanlygy, mazmunynyň çylşyrymlylygy, çaga- la ryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Ene dili bölüminde çagalaryň dogry sözlemegini ösdürmeklik, olaryň bilýän sözlerini aýtdyrmaklyk, baglanyşykly we labyzly söz- leýişlerini kämilleşdirmeklik hem-de çeper edebiýat bilen tanyş dyr- maklyk meýilnamalaşdyrylýar. Sowat öwretmek boýunça çagalar ses, söz, söz bölegi (bogun) hem-de türkmen elipbiýindäki harplar bilen tanyşýarlar. Tanyş bolan harplaryndan peýdalanyp, bogun hem-de ýönekeýje sözleri düzmegi öwrenýärler. Rus, iňlis dillerini hem uly we mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeleri daş-töwerekdäki has ýakyn bolan, gündelik görüp, ulanyp ýören predmetleriniň atlaryny olar esasynda ýönekeýje sorag-jogap alyşmak arkaly öwrenýärler. 88 iii bap Töwerekdäki zatlar bilen tanyşdyrmak bölümi boýunça terbi ýeçi durmuşdaky zatlar, adamlaryň zähmeti, jemgyýetçilik durmuşynyň wakalary, tebigy hadysalar hakynda çagalaryň düşün jelerini giňeltmegi we anyklaşdyrmagy meýilnama girizýär. Ýerli ýagdaýlardaky zähmetiň aýratynlyklary bilen çagalary tanyşdyrmak üçin terbiýeçi körpelerde zähmete gyzyklanmak we ony söýmek duýgusyny terbiýelemelidir. Şoňa görä-de çagalara gowaça meýdanlaryna, üzüm we beýleki baglara syn etmek teklip edilýär. Maksatnama materiallaryny meýilnamalaşdyrmakda ýerli aýratynlyk- lar peý dalanylan mahalynda çagalara artykmaç işleriň ýüklenilme- gine ýol bermeli däldir. Surat çekmek, palçykdan, plastilinden dürli zatlary ýasamak bölümi boýunça çagalaryň çotgajyk, galam, gaýçy bilen işlemekdäki başar nyk laryny we endiklerini ösdürmek, olaryň çeperçilik duýgu- laryny terbiýelemek baradaky işler meýilnamalaşdyrylýar. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling