Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Mekdebe çenli çagalar edarasy bilen maşgalanyň


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

12. Mekdebe çenli çagalar edarasy bilen maşgalanyň 
arabaglanyşygy
Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary hemmetaraplaýyn terbiýele-
mek çagalar bagynyň terbiýeçileriniň hem-de ata-eneleriň jana-
jan işidir. Bu wezipe maşgala bilen çagalar bagynyň has ysnyşykly 
işlemegi arkaly amala aşyrylýar. Bularyň biri-birine ýakyndan kömek 
etmegi okuw-terbiýeçilik işleriniň dogry guralmagyna ýardam edýär. 
Öz gezeginde çagalar edaralarynyň terbiýeçileri hem öz çagalaryny 
dogry terbiýelemekde ata-enä gymmatly maslahatlar berýärler. 
Çagalary terbiýelemekde çagalar bagy bilen maşgalanyň 
arasyndaky gatnaşygy guramak birbada aňsat düşmeýär. Käbir 
maşgala agzalary çagalar bagynyň maksadyna we wezipesine 
doly düşünmeýär. Olar çagalar bagynda körpeler diňe naharlanyp, 
çem gelen güýmenjeler bilen meşgul bolup oýnamalydyrlar diýip 
nädogry pikir ýöredýärler. Çagalar bagynyň bilim we terbiýe berijilik 
hyzmatyna kembaha garaýarlar. Käbir ata-ene öz çagalarynyň çagalar 
bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlamagy bilen olary terbiýelemegi 
bütinleý şol edaranyň üstüne atýarlar.
Ata-enäniň çaga terbiýesi barada beýle pikir etmekleri nädogru-
dyr. Çagalary ýaşlykdan terbiýeläp ýetişdirmekde bularyň ikisi-de 
(çagalar bagy, maşgala) deň derejede jogapkärdir. Terbiýeçi çagalary 
hemmetaraplaýyn terbiýelemekde çagalar bagynyň hyzmatyny we 
ähmiýetini giňden düşündirmelidir. Terbiýeçi çagalary terbiýelemek-
de ata-enäniň esasy wezipesini ýerli mysallara salgylanmak bilen 
beýan etmelidir.
Çagalar baglarynyň işgärleri ata-eneleriň arasynda häli-şindi 
dür li terbiýeçilik işlerini geçirip durmaly. Şeýle işleri guramagyň 
maz mu ny dürli-dürlüdir. 


91
Mekdebe çenli ýaşly çagalary okatmak we terbiýelemek
Ata-eneler bilen iş alyp barmak arkaly çagalar bagynyň işgärleri 
çagany terbiýelemegiň örän çylşyrymly işdigini ýatdan çykarmaly 
däl dirler. Çagalar bagy, ata-eneler we maşgalanyň ähli uly ýaşly ag-
zalary sazlaşykly hereket edip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek 
baradaky umumy işde biri-birine kömek beren wagtynda ol özüniň 
oňat netijelerini berip biler.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling