Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Çagalar bagynda ata-eneler guramasy
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ata-eneler burçy.
Çagalar bagynda ata-eneler guramasy. Çagalar bagynyň düz-
günnamasyna görä, her bir çagalar edarasynda ata-eneler guramasy döredil ýär. Guramanyň agzalary müdiriň ýakyn kömekçisidir. Olar çagalar bagy nyň ähli işlerine degişli kömek edýärler. Ata-eneler guramasy umu my ýygnakda açyk ses bilen saýlanylýar. Oňa toparlaryň ählisinden ata-eneleriň wekilleri girizilmelidir. Toparyň umumy agzalary 8-9 ada ma dan köp bolmaly däldir. Toparlaryň agzalarynyň arasyndan ata-eneler toparynyň başlygy saýlanylýar. Olar öz aralarynda edilmeli işleri bölüşýärler. Umumy çagalar bagynyň meýilnamasy esasynda ata-eneler topary hem aýlyk iş meýilnamasyny düzýär. Topar çagalar bagynyň diňe hojalyk işlerine kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, okuw-terbiýeçilik işlerine- de ýakyndan kömek etmelidir. To par agza lary her aýda eden işlerini ara alyp maslahatlaşyp durmalydyr. Ge çi rilen maslahatlaryň ýörite beýany ýöredilýär. Ata-eneler topary aýry-aýry temalar boýunça çagalar bagynyň umu my ýygnaklaryny guraýar. Çagalar bagynyň arassaçylygyna, iými tiniň doly we dogry guralyşyna, ata-eneleriň arasynda geçirilmeli iş lere ýakyndan kömek berýär. Toparyň agzalary beýleki ata-eneler bilen bilelikde gerekli görkezme esbaplary-da ýasaýarlar, ýowarlary- da geçirýärler. Çagalar baglarynyň her bir toparynda (kiçi, orta, uly, mekdebe taýýarlaýyş) 3-5 adamdan ybarat bolan ata-eneler toparyny döretmeklik hem gowy netije berýär. Saýlanan ata-eneler toparynyň başlygy çagalar bagynyň umumy toparyna agza hem bolup bilýär. Ata-eneler burçy. Çagalar bagynda her bir toparda ata-eneler üçin ýörite burç döredilýär. Onuň ata-enelere bilim berijilik ähmiýeti uludyr. Ata-eneler burçunda ýerleşdirilen maglumatlary görüp, ça- galar bagynyň umumy işi, aýry-aýry ýaşdaky çagalary terbiýelemek 92 iii bap boýunça degerli maslahatlar alýarlar. Ata-eneler burçy üç bölümden ybaratdyr. 1. Çagalary çagalar bagynda terbiýelemek. 2. Çagalary maşgalada terbiýelemek barada ata-enelere masla- hat. 3. Dürli habarlar. Ata-eneler burçunyň birinji bölüminde çagalar bagynyň durmuşy barada şu aşakdaky maglumatlary ýerleşdirmek bolýar: – her bir toparyň gün tertibi; – çagalar bilen hepdelik sapaklaryň sanawy; – gündelik iýmitiň tagamnamasy; – hepdäniň dowamynda geçiriljek gezelençleriň, göwnaçmalaryň meýilnamasy; – çagalaryň oýun we zähmet işleriniň görnüşlerini hem-de maz- munlaryny beýan edýün dürli suratlar; – topardaky çagalaryň sanawy, agramlaryny we boýunyň uzyn- lyklaryny görkezýän sanlar. Ata-eneler burçunyň ikinji bölüminde çagalary terbiýelemek boýunça degişli maslahatlar bolmalydyr: – çagalaryň maşgaladaky mysaly gün tertibi, – çagalary maşgalada arassaçylyk taýdan dogry terbiýelemek boýunça maslahatlar, – maşgalada çagalaryň oýun burçlaryny nähili guramaly? – çagalara ilkinji medeni-arassaçylyk endiklerini öwretmek; – çagalary pasyllara we howa görä geýindirmek; – çagalara maşgalada çeper edebiýaty okap bermek. Burçuň üçünji bölüminde dürli habarlar ýerleşdirilýär: – çagalar bagynyň müdiriniň ata-eneleri kabul edýän wagtlary; – ata-eneler toparynyň sanawy; – ata-enelere berilýän maslahatlaryň wagtlary; – umumy ata-eneler ýygnaklarynyň geçirilmeli wagtlary hem-de beýlekiler. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling