Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet54/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

oýnawaçlaryň ähmiýeti. Çagalary hemmetaraplaýyn terbiýele-
mekde oýnawaçlaryň uly ähmiýeti bardyr. Oýnawaçlaryň kömegi bi-
len çagalaryň gözýetimi giňelýär, olaryň paýhaslylygy artýar, durmuş-
da gabat gelýän her hili zatlar barada düşünjeleri ösýär. Şoňa görä-de 
çagalary hemmetaraplaýyn göwnejaý terbiýelemek üçin olara her hili 
oýnawaçlar hödürlemek zerurdyr. Ine, çagalaryň gurjak oýny. Ony 
gyzjagazlar asyrlarboýy oýnapdyrlar we oýnaýarlar. Gurjak oýnamak 
çagalarda oňat duýgulary döredýär, olaryň düşünjelerini artdyrýar. 
Çagalar gurjagy janly adam hökmünde göz öňüne getirýärler. 
Oýunda çagalar gurjak arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny 
suratlandyrmaga, durmuşda özüňi alyp barmagyň iň ýönekeýje 


80
iii bap
kadalaryny özleşdirmäge başlaýarlar. Gurjagyň daşynda stol, stul, 
gap-çanak ýaly oýnawaçlar bilen oýnalanda, oýun has-da mazmunly 
hem-de gyzykly bolýar. Çagalar gurjak we beýleki oýnawaçlary 
oýnanlarynda, uly adama öýkünmäge çalyşýarlar, olaryň edýän 
işlerini gaýtalamaga ymtylýarlar. Bu bolsa çagalary terbiýelemekde 
uly ähmiýete eýe bolýar. Gurjaga eşik geýdirmek arkaly çagalar 
ilik ildirmegi we ýazdyrmagy öwrenýärler. Şeýlelik bilen, öz egin-
eşiklerini arassa hem-de ykjam geýmek ýaly zatlara endik edýärler. 
Mundan başga-da, çagalar gurjak we beýleki oýnawaçlary oýnamak 
arkaly beden we akyl taýdan göwnejaý ösýärler. 
Oýnawaçlar çaganyň çeperçilik garaýyşlarynyň ösmegine-de 
kömek berýär. Çaga owadan geýindirilen gurjagy gowy görýär. Şo-
nuň ýaly-da oýnawaç stollaryny we beýleki goşlary gowy bezemegi 
hala ýar hem-de olary arassa saklamaga jan edýär. Çaganyň owadan-
lyga we bezege bolan şol yhlasyny hemmetaraplaýyn goldamak 
gerek. Oýnawaçlar döwlen wagty olary bejerip bermeli, olaryň arassa 
saklamagyna gözegçilik etmeli. 
Ulaglar, uçar we traktor ýaly oýnawaçlary oýnamagy çaga laryň 
hereket etmek baradaky islegini kanagatlandyrýar. Olaryň tehnika 
bilen ýakynlaşmagyna kömek berýär. 
Oýnawaçlary çagalaryň özleriniň ýasamaklary has ähmiýet li iş -
dir. Çagalar her hili gyýkyndylardan, kartondan, kagyzdan, ýerli te-
bi gy materiallardan dürli oýnawaç ýasamak bilen, özleriniň dörediji-
lik pi kir lerini ösdürýärler, kynçylyklary ýeňip geçmegi, sabyrlylygy, 
yhlas lylygy öwrenýärler. Çagalar terbiýeçiniň ýolbaşçylygynda oýna-
waç lar ýasamak bilen materiala akyl ýetirýärler, onuň görnüşlerini 
üýtged ýärler, özlerinde zähmet endigini terbiýeleýärler. 
Çaga oýunlarynyň mazmunlarynyň baýlaşmagy, ozaly bilen
oýna waçlara baglydyr. Geçirilen gözegçiliklere we synaglara görä, ça-
ga oýunlarynyň mazmuny gün-günden kämilleşýär, çaga durmuşyna 
ýakyn laşýar. 
Oýnawaçlar belli bir ýaşdaky çagalara niýetlenilip çykarylýar. 
Eger-de çagalar bagynyň her bir toparyndaky bar bolan oýnawaçlar şol 
ýaşdaky körpeleriň ýaş aýratynlygyna laýyk gelmese, onuň pedagogik 
ähmi ýeti hem pes bolýar. Şonuň üçin çagalar bagynyň işgärleri täze 
oýnawaç satyn alanlarynda bu ýagdaýy göz öňüne getirmelidir. Çagalar 


81

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling