B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet25/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

III. 
MILLI YKDYSADYÝET WE oNUŇ 
GÖRKEZIJILERI
§1. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň 
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Döwlet adam 
üçindir!” diýen ýörelgesinden ugur alyp, ýurdumyzyň her bir raýa­
tynyň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen syýasy, ykdysady
durmuşy we medeni özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistan sebitdäki döwletlerden tapawutlylykda, özboluşly 
tebigy-ykdysady we geosyýasy ýagdaýa eýe. Ummasyz baý ýerasty 
we ýerüsti çig mal çeşmelerine eýe bolan, Garaşsyz, Bitarap Türkme­
nistan özboluşly geosyýasy zolakda ýerleşmek bilen, içeri we daşary 
syýasatyny öz milli ruhuna laýyklykda özbaşdak amala aşyrýar. 
Özüniň dörän gününden häzirki zaman dünýäsi üçin örän wajyp 
parahatçylygyň, sahawatyň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri­
ne ygrarly we ony öz içeri hem-de daşary syýasatlarynda baş ýörelge 
hökmünde kabul eden Türkmenistan halkara hukuk kada-kanunlaryna 
doly gabat gelýän ynsanperwerlikli Konstitusiýasyny kabul etdi. Bu 
baş Kanunymyz türkmeniň milli aýratynlyklary, onuň özboluşly jem-
gyýetiniň hukuk kada-kanunlaryny esaslandyrylan Konstitusiýadyr. 
Ol şu gün Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň, demokratiýanyň, dünýewi 
garaýyşlaryň, aýratyn-da, ylalaşygyň, duýgudaşlygyň, jebisligiň, gal­
kynyşyň, bitewiligiň, erkinligiň, netijeli zähmet ugrundaky göreşiň 
aýdyň kepilidir diýilse, dogry bolar. 
Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň öňünde şunuň ýaly belli 
bir maksada gönükdirilen meseläniň goýulmagy birnäçe wezipäniň 
çözülmegini talap edýär, bu wezipeler kanunçylyk namalarynyň bir­
gidenini işläp taýýarlamakdan, durnuklylyk we bazar ykdysadyýetine 
geçiş wezipesini çözmekden, düzgünleşdiriji ulgamy döretmekden 
we ony netijeli peýdalanmakdan, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün 
etmegiň anyk ulgamyny işläp taýýarlamakdan, zähmetiň medeniýetini 
we düzgün-nyzamyny ýokarlandyrmakdan, önüm öndürmegi we ýer­
leşdirmegi guramagyň ýokary derejesini üpjün etmekden, zähmetiň 


42
pudaklaýyn bölünişiniň deňagramlygyny göwnejaý ýola goýmakdan 
ybaratdyr. 
Ilatynyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň dere­
jesine çenli ýokarlandyrmaga we eşretli durmuşyny üpjün etmäge 
Türkmenistanda kuwwatly ykdysady, tebigy we aň-bilim mümkinçi­
likler bar. Onuň esasynda gadymy taryhy döwürlerde kemala gelen 
we durmuş tejribesinden ymykly geçen milli häsiýetli we aýratyn­
lykly döwlet gurluşy durýar. Onuň hem iň gymmatly hazynasy adam 
we onuň mertebesini goramak bolup durýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling