B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

intensiw ýoly bolýar. Intensiw ösüş önümçilik şertleriniň peýdala­
nylyşyny gowlandyrmagyň hasabyna hem bolup biler. Ol has kämil 
zähmet serişdeleriniň peýdalanylmagyny we zähmet predmetleriniň 
tygşytly ulanylmagyny, işgäriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny hem-
de bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşynyň gowu­
landyrylmagyny göz öňünde tutýar. 
Ykdysady ösüşiň iki görnüşi-de özara baglanyşyklydyr. Haky­
ky (real) ykdysady durmuşda ekstensiw ýa-da intensiw ösüş ýollary
ýeke-täk arassa görnüşinde duş gelmeýär. Olar hemişe özara utgaşykly 
amala aşyrylýar. Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň bel­
li-belli döwründe intensiw ýa-da ekstensiw ugur agdyklyk edýär. 
Ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir. 
Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Şeýlelikde, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda elmydama 
ykdysadyýete üns bermek we onuň ýüze çykýan meselelerini wagtyn­
da çözmek zerur bolup durýar.
Ykdysady ösüşiň depginine täsir edýän şertler bar. Olar:
• tebigy serişdeler;
• zähmet serişdeleri;
• maýa goýumlary;
• innowasiýalar;
• ykdysadyýetiň düzümi;
jemi hyrydarlyk;
• ykdysady ulgamyň gurluşy;
• durmuş-syýasy şertlerden ybaratdyr.
Ykdysadyýet çökgünlik ýagdaýa düşende ýurduň içinde işsizlik 
we puluň hümmetsizlenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. 
Işsizlik – bu durmuş-ykdysady hadysadyr. Bu ýagdaýda jemgy­
ýetde zähmete ukyply ilatyň bir bölegi ulanylman galýar. 
Işsiz adam – zähmete ukyply, emma özüne bagly bolmadyk 
sebäplere görä işini ýitiren ýa-da iş gözläp ýören adama diýilýär.


46
Ykdysadyýetde işsizligiň zyýanyny kesgitleýän ýörite ykdysady 
kanun hereket edýär. “Oýkeniň kanuny” – kanuny boýunça işsizlik 
öz kadasyndan 1 % artsa, onda ykdysady ösüş 2,5–3 % peselýär. Ol 
ykdysadyýetiň ösüşini seljermek üçin ulanylýar.
Işsizligiň şu görnüşleri tapawutlandyrylýar:
• (tapgyrlaýyn) siklleýin häsiýetdäki işsizlik – önümçilik pese 
düşüp, iş orunlaryna ýerleşmäge isleg bildirýänleriň sanynyň iş orun­
larynyň sanyndan köp bolan mahalynda ýüze çykýar;
• üýtgeýän friksion işsizlik – işgärleriň sebitler boýunça, şonuň 
ýaly-da käri we ýaşy bilen baglylykda, bir ýerden başga ýere geçmegi 
(ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, täze hünär almagy, okamagy, çagasyna 
seretmegi we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr;
• düzümleýin işsizlik– işe ukyply ilatyň bir böleginiň önümçili­
giň düzüminiň üýtgedilmegi, täze hünär almak zerurlygy bilen bagly­
lykda işini wagtlaýyn ýitirmegi;
• ykdysadyýetiň ýagdaýy zerarly ýüze çykýan işsizlik – ykdysa­
dyýetdäki umumy pese gaçyş bilen baglylykda iş tapmak mümkinçi­
liginiň bolmazlygy zerarly ýüze çykýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling