B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

1. Aşgabat – Abadan.
2. Mary – Baýramaly.
3. Hazar – Ekerem.


48
4. Türkmenabat – Seýdi.
5. Baharly – Serdar.
6. Aşgabat – Änew.
7. Daşoguz – Aeroport.
8. “Güneşli Türkmenistan”.
9. Sarahs.
10. Aşgabat – Aeroport.
11. Awaza.
Erkin ykdysady zolaklardaky işleriň esasy ugurlary: sarp 
edil ýän harytlary (dokma önümlerini); gurluşyk materiallaryny we 
durmuşda ulanylýan himiki önümleri işläp taýýarlamakdan; oba ho­
jalyk önümlerini öndürmekden we gaýtadan işlemekden; gurluşyga 
degişli hyzmatlary berjaý etmekden we söwdany amala aşyrmakdan 
ybaratdyr. Döwleti ykdysady taýdan ösdürmekde erkin ykdysady zo­
laklar örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiligi­
niň derejesi ýokarlanýar we daş-töwerekdäki ýerleriň durmuş-ykdy-
sady ýagdaýy gowulanýar.
§3. Makroykdysady görkezijiler
Türkmenistanyň 
Prezidenti 
hormatly 
Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň 
milli ykdysadyýetiniň hemme pudaklary uly depgin bilen ynamly 
ösýär. Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda üstünlikli 
amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Bu syýasatyň ýakyn geljek 
döwre bellenen möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzy önümle­
riň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we 
ynamly belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hatary­
na goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky 
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady ulgamy düýpli 
döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, 
ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn 
geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gat­
naşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak bilen 
bagly meseleler goýlandyr.


49
4. Sargyt №50
Döwlet derejesinde bellenilen we rowaçlyk bilen amala aşy­
rylýan bu syýasatyň netijesinde soňky 5 ýylyň içinde ýurdumyzda 
öndürilýän jemi içerki önümiň göwrümi iki esse artdy. Şol döwürde 
onuň durnukly ýyllyk ösüşiniň görkezijisi 110% derejesinden ýokary 
boldy. Hatda, bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň möwç alan 
2009-njy ýylynda-da bu görkeziji 106,1% derejesinde saklandy.
Ykdysady seljermede örän giň iki görkeziji ulanylýar: jemi önüm 
we milli girdeji. Jemi önüm iki görnüşde bolýar: jemi içerki önüm 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling