B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

we jemi milli önüm. Olaryň ikisi hem hojalygyň iki sferasynyň, ýag­
ny maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň (maddy däl) iş netijesidir. 
Olaryň ikisi hem ykdysadyýetde bir ýylyň (çärýek, aý) dowamynda 
harytlaryň we hyzmatlaryň ahyrky önümçiliginiň göwrüminiň gym­
mat görnüşinde kesgitlenilmegidir. Bu görkezijiler häzirki (hereket 
edýän) bahalarda hasaplansa – nominal JMÖ, eger üýtgemeýän ba­
halarda (ýagny haýsy-da bolsa bir (esasy) ýylda deňeşdirmek nyrhla­
rynda) hasaplansa – real JMÖ diýilýär. 
Jemi milli önümiň we jemi içerki önümiň tapawudy şeýledir:
Jemi içerki önüm  ýurduň içinde maddy önümçilikde we hyz­
matlar sferasynda öndürilen önümiň gymmatynyň jemidir. Olar ýurt­
da ýerleşýän kärhananyň we daşary ýurtlara degişli kärhanalar bolsa-
da, onuň öndürýän önümi şu ýurduňky hasaplanýar.
Jemi milli önüm  bu milli kärhanalaryň, nirede (öz ýurdumyzda 
ýa-da daşary ýurtda) ýerleşenligine garamazdan, maddy we maddy 
däl ýaýrawynda hemme öndürilen önümlerdir. 
Şeýlelikde, jemi milli önüm jemi içerki önümden girdejileriniň 
jemi bilen tapawutlanýar. Ýagny, işgärleriň girdejileri, renta girdejisi, 
karz göterimi, kärhananyň peýdasy göz öňünde tutylýar. Bu görkeziji 
şu ýurduň serişdelerini daşary ýurtda ulanylanda alynýan girdejiden 
biziň ýurdumyzda şeýle gymmatlyklary öndüren daşary ýurtlaryň gir­
dejileriniň aýrylmagydyr. Bu iki görkezijiniň tapawudy gaty bir uly 
däldir, bary ýogy + 1%.
Jemi içerki önüm we jemi milli önüm hasaplananda, esasy talap 
bir ýylyň dowamynda öndürilen harytlar we hyzmatlar diňe bir gezek 
hasaba alynmagydyr. Ýagny diňe ahyrky önüm hasaba alynmalydyr. 
Aralyk önüm hasaba alynmaly däldir. Sebäbi, olary satyn alyp, bir­
näçe gezek satyp bolýar.


50
Ahyrky önüm – bu sarp edijileriň ýa-da alyjylaryň harytlary 
we hyzmatlary birnäçe gezek satmak üçin däl-de, diňe ahyrky gezek 
ulanmak üçin alýan harytlarydyr.
Goşulan gymmat – bu kärhananyň önümçilikde döredilen gym­
matydyr we anyk önüm döretmekde kärhananyň hakyky goşandydyr. 
Ýagny iş haky, peýda we amortizasiýadyr. Başgaça aýdylanda, goşu­
lan gymmat bu kärhananyň umumy önüminden gündelik material 
çykdajylaryň aýrylmagydyr, ýöne amortizasiýanyň goşulmagydyr.
Şeýlelikde, jemi içerki önüm ýa-da jemi milli önüm şu üç usulla­
ryň biri boýunça hasaplanyp bilner, ýagny:
• milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky döredilen goşulan ýa-da 
art dyrylan gymmatlary (jemi içerki önümi önümçilik ýa-da pudaklar 
boýunça);
• gerekli (şu) ýyldaky umumy öndürilen önümi satyn almak üçin 
çykdajylar (jemi içerki önüm çykdajylar boýunça);
• gerekli (şu) ýylda hemme öndürilen önümden alynýan girdejile­
ri (jemi içerki önüm girdejiler boýunça).

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling