B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


ÖNÜMçILIK Adamlaryň maddy nygmatlary  öndürmek bilen baglanyşykly  işleri 1. Zähmet


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

ÖNÜMçILIK
Adamlaryň maddy nygmatlary 
öndürmek bilen baglanyşykly 
işleri
1. Zähmet – bu adamyň maksatly hereketi
2. Zähmet predmeti – adamyň zähmet 
hereketinde täsir edýän zatlary
3. Zähmet serişdesi – bu adamyň 
islegini kanagatlandyrmak üçin ulanýan 
gurallary
Ylmy-tehniki rewolýusiýa öndüriji güýçleri, olaryň düzüm 
bölekleriniň mynasybetini düýpli özgerişlere sezewar edýär. Mese­


53
lem, önümçilik serişdeleri informatika, elektron-hasaplaýjy we kom­
pýuter tehnikasy bilen baýlaşýar. Zähmet babatynda hem hil taýdan 
üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny onuň ylmy taýdan guralyşy kämil­
leşýär, işgärleriň hünär we intellektual derejeleri ýokarlanýar, adamyň 
telekeçilik ukybynyň ähmiýeti artýar. 
Ykdysady gatnaşyklar maddy we ruhy nygmatlaryň, hyzmatla­
ryň önümçiligi, paýlanyşy, alyş-çalşygy we sarp edilişi mahalynda 
adamlaryň aralarynda ýüze çykýan gatnaşyklardyr.
Ykdysady gatnaşyklaryň häsiýeti önümçilik serişdelerine eýeçili­
giň formasy bilen kesgitlenýär. Olar, birinjiden, diňe önümçilik ýaý­
rawyna degişli gatnaşyklary, ýagny önümçilik gatnaşyklaryny, ikinji­
den, önümçilik däl ýaýrawda emele gelýän gatnaşyklary öz içine alýar.
Ykdysady gatnaşyklar düzümi boýunça guramaçylyk-ykdysady 
we durmuş-ykdysady gatnaşyklara bölünýär. 
Guramaçylyk-ykdysady gatnaşyklar önümçiligiň, öndürilen 
önümleri paýlamagyň we alyş-çalyş etmegiň guralyşy babatynda 
emele gelýär. Guramaçylyk gatnaşyklarynyň formalaryna kärhana­
larda önümçiligiň we zähmetiň guralyşy, işgärleriň arasynda zähmet 
durmuş bölünişigi we bileleşmesi, kärhanalaryň möçberleriniň kes­
gitlenmegi we ş.m. degişlidir.
Durmuş-ykdysady gatnaşyklar önümçilik serişdelerine eýeçi­
lik etmegiň görnüşleri bilen kesgitlenýän önümçilik şertleri babatynda 
adamlaryň arasynda emele gelýär. Esasy zatlar, ýagny önümçilik, paý­
laýyş, alyş-çalyş we sarp ediş gatnaşyklarynyň durmuş-ykdysady maz­
muny eýeçiligiň görnüşine bagly bolup durýar. Bu gatnaşyklaryň ösmegi 
mydama önümçilik serişdeleriniň eýeleriniň bähbidine hyzmat edýär. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling