59
§6. Önümçiligiň netijeliliginiň görkezijileri
Ykdysady netijelilik önümçiligiň netijeleriniň oňa çykarylan
harajatlara gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär.
Türkmenistanyň hojalyk tejribesinde önümçiligiň we resurslaryň
aýry-aýry görnüşleriniň netijeliligi şu görkezijiler arkaly ölçelýär:
Zähmet öndürijiligi – önümiň möçberiniň janly zähmetiň hara
jatlaryna gatnaşygydyr.
Önümiň zähmet sygymy – zähmet öndürijiliginiň tersine aňlady
lan görkezijisidir.
Maddy harajatlaryň önüm berijiligi – önümiň möçberiniň ony
öndürmek üçin çykarylan maddy harajatlara gatnaşygydyr.
Önümiň maddy sygymy – maddy harajatlaryň önüm berijiliginiň
tersine aňladylan görkezijisi, ol önümiň birligine düşýän maddy hara
jatlaryň mukdaryny aňladýar.
Esasy serişdeleriň önüm berijiligi – esasy önümçilik serişdeleri
niň peýdalanylyş derejesini häsiýetlendirýär hem-de önümiň möçbe
rini olaryň jemi gymmatyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
Önümiň serişde sygymy – serişdeleriň önüm berijiliginiň tersine
aňladylan görkezijisi bolup, ulanylýan serişdeleriň önüm birligine ha
saplanan möçberini aňladýar.
Önümçiligiň maýa goýum sygymy – öndürilýän önümleriň we
hyzmatlaryň
birligine hasaplananda, maýa goýum çykdajylarynyň
mukdaryny görkezýär.
Do'stlaringiz bilan baham: