60
Bu ýerde:
h – gündelik önümçilik harajatlaryny,
M – maýa
goýumlary,
n
k
– netijeliligiň düýpli maýa goýum harajatlaryny gün
delik önümçilik harajatlary bilen deňeşdirerlik ýagdaýyna getirmek
üçin ulanylýan kadaly koeffisiýenti. Senagatda we oba hojalygynda
häzirki wagtda ulanylýan tehnolologiýalar mahalynda bu koeffisiýent
0,12–0,15 aralygynda bellenilýär.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Önümçilik näme?
2. Öndüriji güýçleri we önümçilik gatnaşyklary nämäni aňladýarlar?
3. Maddy önümçilik näme? Mysallaryň üsti bilen aýdyp beriň.
4. Maddy däl önümçilik näme? Ol barada mysal getiriň.
5. Maddy önümçilik bilen maddy däl önümçiligiň näme tapawudy bar?
6. Önümçiligiň nähili şertleri bar?
7. Jemgyýetde haýsy nygmatlary ulanýarlar?
8. Dört sany tapgyr: önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş we sarp ediş bara-
da düşünje beriň.
9. Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz önümçiligiň näme tapawudy bar?
Do'stlaringiz bilan baham: