B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


 Önümçiligiň netijeliligi haýsy görkezijiler bilen kesgitlenýär? V


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

10. Önümçiligiň netijeliligi haýsy görkezijiler bilen kesgitlenýär?
V. 
SENAGAT ÖNÜMçILIGINIŇ ÖSÜşI
§1. Senagatyň ösüşi
Milli ykdysadyýetiň esasyny öňdebaryjy, täze tehnologiýalar 
esasynda ösen senagat düzýär, ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 
milli toplumynyň öňüni başlaýjy pudagy bolup durýar. Senagatda 
ykdysadyýet boýunça iş bilen meşgul ilatyň 15%-e golaýy işleýär. Bu 
pudakda esasy önümçilik serişdeleriniň 30%-den gowragy jemlenen­
dir, jemi içerki önümiň bolsa 50% töweregi öndürilýär.
Senagatyň 2000–2013-nji ýyllardaky esasy görkezijileri 5-nji 
tablisada getirilýär.
Getirilen maglumatlar 2013-nji ýylda 2000-nji ýyl bilen deňeş­
dirilende, senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberiniň 
20,4 esse, önümi ýerleşdirmekden аlnan peýdanyň 15,9 esse, puda­


61
gyň esasy önümçilik serişdeleriniň 20,9 esse, senagat-önümçilik iş­
gärleriniň sanynyň bolsa 19,2 müň adam ýa-da 19,6% köpelendigini 
görkezýär.
5-nji tablisa
Senagat işleriniň esasy görkezijileri
Görkezijiler
Ýyllar
2000
2005
2010
2012
2013
Senagat önümleriniň möçberi, 
mln manat
3354
9310 33688 63028 68412
Senagat-önümçilik 
işgärleriniň sany, müň adam
98,2
96,3
107,3 113,4 117,4
Ýylyň ahyrynda esasy önümçi­
lik serişdeleri, mlrd manat 
1,8
5,6
13,2
34,3
37,6
Önümiň ýerleşdirilmeginden 
аlnan peýda, mlrd manat
0,9
1,2
8,5
15,9
14,3
Çeşmeler: (34, s.27); (36, s.19); (40, s.27).
Ýurduň senagatynyň kemala gelmegi üçin ýüz ýyldanam köpräk 
wagt gerek boldy. Türkmenistanda haryt önümçiliginiň çalt ösmegi 
we senagatyň bitewi pudak hökmünde ýüze çykmagy ХIХ asyryň 
80–90-njy ýyllarynda başlanypdy. Şol döwrüň şertlerine görä, bu 
ýerde iri senagat kärhanalary döredilmedi, ägirt uly tebigy baýlyklar 
bolsa özleşdirilmedi diýen ýalydyr. Diňe Hazarda (öňki Çelekende) 
az mukdarda nebit, Ýagman kömür çykarylýan ýerinde daşkömür we 
Guwluda duz çykarylýardy. 
Birneme ulurak senagat kärhanalaryna Zakaspiý (1896-njy ýyl­
dan–Orta Aziýa) demir ýoluna we Amyderýa gämiçiligine hyzmat 
edýän kärhanalar degişlidi. Olar demir ýol ussahanalary we Serdar­
daky (öňki Gyzylarbatdaky), Türkmenbaşydaky (öňki Krasnowod­
skidäki), Gazanjykdaky, Aşgabatdaky, Marydaky depolar hem-de 
Türkmenabatdaky (öňki Çärjewdäki) depo we gämi abatlaýyş ussa­
hanalarydy. Bular sebitde öndüriji güýçleriň ösmegine belli bir de­
rejede itergi berendigine garamazdan, esasan, patyşa Russiýasynyň 
imperialistik bähbitleri üçin işleýän kärhanalardy. 


62
Türkmenistanda iri senagatyň döredilmegi graždanlyk urşunyň 
yzysüre başlandy, netijede, senagat önümçiliginiň ösüş depginleri artyp 
başlady. 1924–1925-nji ýyllarda ýurdumyzda 6 müň t nebit gazylyp 
çykaryldy, 1,7 mln kWt∙sag elektrik energiýasy, 10 müň t pagta süýümi 
öndürildi. 1928–1930-njy ýyllarda Türkmenistanda eýýäm senagatlaş­
manyň ilkinji alamatlary peýda boldy, ýagny Aşgabat şäherinde dokma, 
ýüpek egriji, süýji-köke öndürýän fabrikler we çörek zawody, Türkme­
nabat (öňki Çärjew) şäherinde ýüpek egriji fabrik, Garagumda kükürt 
zawody we ençeme beýleki kärhanalar işe girizildi. 
Bäşýyllyk meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda 
Türkmenistanda senagatyň nebiti gaýtadan işleýji, himiýa, gurluşyk 
materiallary senagaty ýaly möhüm pudaklary döredildi. Ýeňil we 
azyk senagatlary işläp başlady, ol kärhanalaryň durky täzelenildi, şol 
döwrüň has kämil tehnikasy bilen enjamlaşdyryldy.
Nebit senagaty has pajarlap ösdi. 1966-njy ýylda nebit gazylyp 
alnyşynyň möçberi 10 mln t ýetip, 1913-nji ýyldakydan 83 esse artdy. 
Hazar (öňki Çeleken) bilen bir hatarda nebit Goturdepe, Barsagelmez, 
Gumdag, Wyşka ýaly baý ýataklarda çykarylyp başlandy. Nebitli ýa­
taklaryň gözleg işleri ýylsaýyn uly gerime eýe boldy. Emma şol ýyl­
larda nebit senagaty çig maly gaýtadan işlemeklige girişip bilmeýärdi.
Türkmenistanda elektrik energiýasyny öndürmekligiň iri binýa­
dy döredilip, 1966-njy ýylda ýurtda 1,5 mlrd kWt∙sag möçberindäki 
elektrik energiýasy öndürildi. Elektrik energiýasyny öndürýän iri kär­
hanalaryň arasynda Abadan (öňki Büzmeýin) GRES-i, Balkanabat­
daky (öňki Nebitdag) Energetika kombinaty (Türkmenbaşy) Ýylylyk 
energetiki merkezini hem goşmak bilen), Türkmenabatdaky (öňki 
Çärjew) etrap energetika dolandyryşy we beýlekiler bardy.
Türkmenistan ösýän himiýa senagatly ýurda öwrüldi. Garaşsyz-
lyk ýyllaryna çenli bu pudagyň has iri kärhanalaryna “Garabogaz­
sulfat” kombinaty, Gowurdak kükürt kärhanasy, Türkmenabatdaky 
superfosfat zawody, Hazardaky (öňki Çeleken) gurum zawody de­
gişlidir.
Nebit we ony gaýtadan işlemegiň önümleri, kükürt, sulfanol, se­
ment, nebit enjamlary we azyk senagaty üçin enjamlar, gaz plitalary, 


63
pagta süýümi, nah we ýüpek matalar, örme önümler we azyk önümle­
riniň ençeme görnüşleri, Türkmenistanda şol döwürde öndürilýän 
önümleriň heniz doly däl sanawyny emele getirýärdi.
Zähmetiň energiýa we serişdeler bilen abzallygynyň dynuw­
syz artmagy, döwrüň has kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, 
önümçiligiň mehanizmleşdirilmegi we belli bir derejede awtomat­
laşdyrylmagy senagatda zähmet öndürijiliginiň esli ýokarlanmagyna 
ýardam etdi. 1966-njy ýylda 1924-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ol 4 
esse, ýokarlandy.
Binýatlaýyn pudaklar bolan energetikanyň, ýangyjyň öndüri­
lişiniň, himiýa senagatynyň, maşyn gurluşygynyň ösmegi önümçi­
ligiň tehniki derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi. 1913–
1986-njy ýyllarda Türkmenistanda senagat önümleriniň umumy 
möçberiniň ösüş depginleri 6-njy tablisada getirilýär. 
6-njy tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling