B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Karz ulgamy – karz gatnaşyklarynyň, karzlaşdyrmagyň görnüşleriniň  we usullarynyň jemi, şonuň ýaly-da karz edaralarynyň ulgamy. Kärende


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet143/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   139   140   141   142   143   144   145   146   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Karz ulgamy – karz gatnaşyklarynyň, karzlaşdyrmagyň görnüşleriniň 
we usullarynyň jemi, şonuň ýaly-da karz edaralarynyň ulgamy.
Kärende – bu hojalygy alyp barmagyň bir görnüşi bolup, kärendä be­
rijiniň özüniň belli bir emlägini kärendesine alyja şertnama boýunça töleg 
esasynda ýa-da başga şertler bilen bermegidir.
Kärhana – kanunçylyga laýyklykda önüm öndürmek, harytlary ýer­
lemek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar boýunça jemgyýetiň 
zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredil-
ýän ykdysady işiň özbaşdak subýektine aýdylýar.
Kliring – banklaryň, öndürijileriň arasyndaky nagt däl hasaplaşykla­
ryň ulgamy; garşylyklaýyn talaplaryň we bergileriň özara üzülişilmegi.
Liberal ykdysadyýet – iri biznesiň bähbitleriniň ilkinji nobatda goral­
magy, ykdysadyýetde döwlete degişli bölegiň ujypsyz bolmagy we hojalyk 
işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň baş ýörelgesi hökmünde esasy 
ileri tutmalaryň döwlet tarapyndan kesgitlenmegi. 
Makroykdysadyýet – ykdysadyýetiň milli toplumyny emele getirýän 
düzüm bölegi bolup, onda maddy we maddy däl önümçiligiň ähli pudaklary 
bir bitewi mehanizme organiki halda birigýärler. Ol bitewi ulgam hökmün­
däki ähli milli hojalygy gurşap alýan ykdysady hadysalary öwrenýär.
Maliýe – emele getirilişinde we hereket etmeginde, paýlanmagynda 
we gaýtadan paýlanmagynda, peýdalanylmagynda seredilýän pul serişdele­
rini, maliýe resurslaryny, şonuň ýaly-da hojalyk subýektleriniň arasyndaky 
özara hasaplaşyklar, pul serişdeleriniň hereket etmegi, pul aýlanyşygy, pu­
luň peýdalanylmagy bilen şertlendirilen ykdysady gatnaşyklary aňladýan 
umumylaşdyryjy ykdysady adalgadyr.
Maliýeleşdiriş – bütin ýurduň, sebitleriň, kärhanalaryň, raýatlaryň ho­
jalyklarynyň, şonuň ýaly-da dürli ykdysady maksatnamalaryň we ykdysady 
işiň görnüşleriniň zerur maliýe serişdeleri bilen üpjün eilmegi.
Maliýe syýasaty – döwletiň, hökümetiň ykdysady syýasatynyň bölegi, 
döwletiň maliýe resurslarynyň peýdalanylmagynda, döwlet býujetiniň eme­
le getirilmeginde we ýerine ýetirilmeginde, salgydyň düzgünleşdirilişin­
de, pul aýlanyşygynyň dolandyrylmagynda, milli puluň hümmetine täsir 
etmekde ýüze çykýan ugur.
Maliýe ulgamy – döwletiň maliýe işini we maliýe gatnaşyklaryny 
düzgünleşdirýän kanunlarynyň, düzgünleriniň, kadalaryň jemi (pul ulgamy, 
maliýe edaralarynyň ulgamy).


214
Marketing – önümleri öndürmegi we ýerlemegi guramagyň toplum­
laýyn ulgamy bolup, ol anyk sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga 
hem-de bazary öwrenmek we çaklamak esasynda peýda almaga gönükdiri­
lendir.
Maýa – banka onuň eýeleri tarapyndan geçirilen serişdeler bolup, olar, 
esasan, paýdarçylyk maýasyndan, ätiýaçlyklardan we paýlanmadyk peýda­
dan ybarat bolup durýar.
Maýa goýumlary – harytlaryň öndürilişini ösdürmek, peýda, göterim 
ýa-da durmuşy netijeleri gazanmak maksady bilen maýanyň (pul serişde­
leriniň) haýsy-da bolsa bir kärhana ýa-da işe (ýurduň içindäki ýa-da onuň 
çäklerinden daşarky) uzak möhletleýin goýumlar.
Menejment – 1) önümçiligi we işgärleri dolandyryş ylmynyň gaza­
nanlaryny peýdalanmak bilen dolandyrmaklygyň ýörelgeleriniň, formala­
rynyň, tärleriniň we serişdeleriniň köplügi. Menejmentiň esasy maksady 
kärhananyň, guramanyň, edaranyň işiniň ýokary netijeliligini, resurs müm­
kinçiliklerini gowy peýdalanylmagyny gazanmakdyr; 2) kärhananyň, gura­
manyň, edaranyň ýolbaşçylygy.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   139   140   141   142   143   144   145   146   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling