B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri başlandy. Bu döwür­
de ýurduň ykdysady ösüşi ýokary depginlere eýe bolup, halkymy­
zyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy maksat edinilýär. Berka­
rar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti 
hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan 
ykdysady syýasatyň iň möhüm ugurlaryna önümçilik toplumlarynyň 
we durmuş ýaýrawynyň depginli ösdürilmegi, ykdysadyýetiň döwre­
baplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, bazar mehaniz­
miniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň utgaşdyrylmagy, ýurduň milli 
hojalygynyň dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegi degişlidir. 
Bu ýörelgeler ýurduň ykdysadyýetiniň öňünde täze wezipele­
ri goýýar, nazaryýetdäki binýatlaýyn düşünjelere gaýtadan çuňňur 
nazar salmaga mümkinçilik berýär hem-de Türkmenistany durmuş-
ykdy sady taýdan ösdürmegiň amaly meseleleriniň çözülmegine tä­
zeçe çemeleşilmeginiň zerurlygyny şertlendirýär.
Ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň netijesinde hil taýdan 
bolup geçýän üýtgeşmeler, garyşyk kysymdaky bazar ykdysadyýeti­
ne geçilmegi diňe bir ykdysatçylaryň däl, eýsem täze türkmen jemgy­
ýetiniň ähli agzalarynyň kadalaşdyrylýan bazar ykdysadyýeti şertle­
rinde ýaşamagy we işlemegi üçin ymykly taýýar bolmaklaryny talap 
edýär. Şeýlelikde, gysga wagtyň içinde ykdysady pikirlenmäniň täze 
keşbini kemala getirmek wezipesi öňe çykýar. Bu wezipäni durmu­
şa geçirmekde “Türkmenistanyň ykdysadyýeti” atly şu okuw kitaby, 
belli bir derejede, ýardam edip biler.
Bazar gatnaşyklary köp zatlary düýpgöter üýtgedýär. Bu bolsa 
biziň ýaş neslimiziň bilime täzeçe çemeleşmegini talap edýär. Şu 
okuw kitaby taýýarlanylanda jemgyýetdäki, ykdysadyýetdäki döwre­
bap, täzeçe çemeleşmeler nazara alyndy.
Bu okuw gollanmasynyň başynda ykdysadyýet ylmy, onuň pred­
meti we usullary baradaky düşünjeler berildi, ykdysadyýet ylmynyň 


10
nazary we amaly böleklere bölünişi, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik ho­
jalygynyň ykdysady nusgalary açylyp görkezildi. Bu okuw gollanma­
synda ýüzlenilýän meseleler, goýlan wezipelere laýyklykda, belli bir 
logiki yzygiderlilikde ýerleşdirilendir.
Bu okuw gollanmasynyň birinji bölümi “Milli ykdysadyýet we 
onuň ösüşi” diýlip atlandyrylyp, onda adamyň ykdysadyýetdäki orny 
we bitirýän hyzmaty açylyp görkezilýär, Türkmenistanyň milli ykdy-
sadyýetiniň aýratynlyklary, jemgyýetçilik önümçiliginiň esaslary, se­
nagat toplumyndaky kiçi toplumlaryň we pudaklaryň ösüşi, gurluşyk 
we ulag toplumlarynyň ýagdaýy, oba senagat toplumynyň işleýşi we 
ösüşi, şonuň ýaly-da, daşary ykdysady aragatnaşyklary dolandyrma­
gyň we döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary beýan edilýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling