B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


“Bazar ykdysadyýeti we onuň ösüşi”


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

“Bazar ykdysadyýeti we onuň ösüşi” diýen ikinji bölümde ba­
zar ykdysadyýetiniň mazmuny we işleýşi, bazar gatnaşyklarynyň me­
hanizmi seljerilýär, milli nusgasy, pul-karz we maliýe ulgamlarynyň 
hem-de salgyt-býujet syýasatynyň ýola goýluşy hakynda maglumat 
berilýär.
“Bazar ykdysadyýetiniň durmuş meseleleri” diýen üçünji 
bölümde durmuş ykdysadyýeti we ýaşaýşyň hili diýen düşünjeleriň 
mazmuny açylyp görkezilýär, durmuş ýaýrawynyň esasy pudaklary­
na we olaryň ösüşine häsiýetnama berilýär, zähmet bazary we adam 
kapitaly, döwletiň durmuş syýasaty, ykdysadyýetiň döwlet kadalaş­
dyrylyşy hakyndaky meselelere seredilýär.
şeýlelikde, bu okuw gollanmasy milli we bazar ykdysadyýetiniň 
nazaryýetini hem-de amaly ykdysadyýetiň meselelerini öwrenmäge 
kömek eder. Umuman aýdylanda, bu okuw gollanmasy ýurdumyzyň 
durmuş-ykdysady esaslary baradaky meseleleri özünde jemleýär, bu 
bolsa orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň geljekde Berkarar 
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp raýatlary bolup ýetiş­
meklerine ýardam berer. 


11
YkdYsadYýete giriş
§1. Ykdysadyýet näme?
Ykdysadyýet (экономика) adalgasy “оikonomia” (hojalygyň 
dolandyrylyşy) diýen gadymy grek sözünden gelip çykypdyr. Bu 
adalga köp dürli mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdü­
giçe onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar. Ilkibaşda öý hojalygyny 
alyp barmagyň sungatyny aňladýan “ekonomiýa” (tygşytlylyk) grek 
dilinde “oikos” (öý, hojalyk) – “nomos” (taglymat, kanun) adalga­
lary goşulýar. Häzirki wagtda bu adalga giňden ýaýran bolup, onuň 
mazmuny has başgaçarakdyr. Tygşytlylyk bu gündelik harajatlaryň 
kemeldilmegini, serişdeleriň aýawly, rejeli, netijeli çykdajy edilme­
gini aňladýar.
Häzirki zaman düşünjesinde ykdysadyýet adalgasy birnäçe mana 
eýedir:
birinjiden, ykdysadyýet – sözüň giň manysynda, hojalygyň 
özüdir, ýagny ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, islegleri kanagatlan­
dyrmak maksady bilen adamlar tarapyndan peýdalanylýan ähli seriş­
deleriň, zatlaryň, maddy we ruhy dünýäniň predmetleriniň umumy 
jemidir. Şu manyda ykdysadyýete ýaşaýyş üpjünçiliginiň, adamlaryň 
ýaşaýşynyň üznüksiz täzelenmeginiň, ýaşaýyş şertlerini goldamagyň 
we gowulandyrmagyň ynsan tarapyndan döredilen we peýdalanylýan 
ulgamy hökmünde düşünmek gerek; 
ikinjiden, ykdysadyýet ylym hökmünde ykdysady ulgamyň 
mazmuny, maksatlary hem-de wezipeleri hakyndaky ulgamlaşdy­
rylan taglymatdyr. Bu babatda ol tutuş milli hojalygyň, önümçiligiň 
käbir şertleriniň we elementleriniň (ilatlaşma, zähmet, dolandyryş), 
senagatyň, oba hojalygynyň, gurluşygyň, maddy däl önümçiligiň


12
(bilim, saglygy goraýyş, hyzmatlar ýaýrawy) aýry-aýry pudaklarynyň 
öwrenilmegi bilen meşgullanýar;
• üçünjiden, ykdysadyýet – munuň özi maddy, medeni we ruhy 
gymmatlyklaryň önümçiligi, paýlanyşy, alyş-çalşygy we sarp edilişi 
adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklaryň belli bir ykdysady 
ulgamyny döredýän taryhy taýdan kesgitli köplügidir.
Ykdysadyýet düýp manysy boýunça jemgyýetçilik baýlygy­
nyň yzygiderli we özara baglanyşykly hereketi bolup, ol şeýle aý­
lawy geçýär: önümçilik – paýlaýyş – alyş-çalyş – sarp ediş. Gös-göni 
önüm çilik, ýagny peýdaly önümiň döredilmegi bu hereketiň ugur 
alyş basgançagy bolup çykyş edýär. Önümçilik ykdysadyýet üçin aý­
gytlaýjy ähmiýete eýedir: eger önüm döredilmedik bolsa, onda hiç 
zady paýlap hem, alyş-çalyş edip hem, sarp edip hem bolmaýar. Paý­
laýyş her bir adamyň döredilen baýlykdaky paýyny ýüze çykarýar. 
Alyş-çalyş paýlaýyş mahalynda alnan önümler beýleki gerekli zatlara 
çalşylýar. Sarp ediş nygmatlaryň adamlar tarapyndan öz isleglerini 
kanagatlandyrmak üçin peýdalanmagyny aňladýar.
Ykdysadyýetiň ösüşi mahalynda hemmetaraplaýyn ösen adamyň 
islegleriniň emele gelmegi bolup geçýär. Häzirki zaman önümçiligi 
esasy islegleriň köpçülikleýin kanagatlandyrylmagyny üpjün etmä­
ge ukyplydyr. Ol iki sany ýaýrawy (sferany) öz içine alýar: maddy 
önüm çilik (zat görnüşindäki baýlygyň döredilmegi) we maddy däl 
önümçilik (ruhy, ahlak we gaýry gymmatlyklaryň, ýagny ruhy-mede­
ni, sungat, ylmy eserleriň we ş.m. döredilmegi). Bu ýaýrawlarda hyz­
matlar barha möhüm orny eýeleýärler. Maddy däl önümçiligiň, şol 
sanda hyzmat ediş ýaýrawynyň ösmegi maddy önümçiligiň kämillik, 
ösüş we netijelilik derejesine baglydyr. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling