B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§3. Ykdysady nazaryýet we amaly ykdysadyýet
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
§3. Ykdysady nazaryýet we amaly ykdysadyýet
Ykdysadyýet ylmynyň nazary we amaly böleklere bölünmegi dog rudyr. Şonuň ýaly bölünişik nazaryýetçiler we amaly ykdysatçylar tarapyndan öwrenilýän ykdysady obýektlere we hadysalara göz ýetir megiň we olary beýan etmegiň ulanylýan usullaryndaky iş ýüzündäki tapawutlary nazara alýar. Ykdysady nazaryýet ykdysady hadysalary “sap”, “ideal” görnüş de görkezmeklige we beýan etmeklige ýykgyn edýär, ençeme abstrakt düşünjeleri ulanýar, hakyky ýagdaýy takmynan beýan edýän model lere ymtylýar. Durmuş hakykatyny öz bolşunda şöhlelendirmeýän digine garamazdan, nazary modeller umumy ykdysady ýagdaýy su ratlandyrmak, esasy şertleri ýüze çykarmak, hakykata golaýlaşýan düşünjeleri, meýilleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan peýdalydyr. Nazary ykdysadyýete syýasy ykdysat degişli edilýär, onuň özi ykdysadyýet ylmyndaky ykdysady hadysalaryň bolup geçmeginiň umumy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly 16 nazary ugur hökmünde döräpdi. Ykdysady-matematiki modelirle me, has giňişleýin babatda bolsa, ykdysadyýeti dolandyrmagyň esasy ýörelgelerini öwrenýän ykdysady kibernetika hem ykdysady nazary ýete sepleşip gidýär. Ykdysadyýet ylmynyň amaly ykdysadyýet diýen şahasy ykdy- sadyýeti anyklap öwrenmek bilen baglanyşyklydyr hem-de ykdysady hadysalary önümçilik işini jikme-jik seljermek esasynda öwrenmek wezipesini öz öňünde goýýar. Amaly ykdysadyýete hakyky maglu matlar esasynda hasaplamalaryň geçirilmegi, anyk sanlaryň giňden peýdalanylmagy mahsusdyr. Amaly ykdysadyýet makroykdysady meselelere-de garaýar we seljerme berýär, emma aşa abstraktlaşdyrmakdan gaça durup, olara anyk çemeleşýär. Amaly ykdysadyýet, ylmy nazaryýet bilen deňeşdi rilende, hojalyk ýöretmegiň iş tejribesine, ykdysady işiň anyk görke zijilerine daýanýandygy bilen tapawutlanýar. Nazary ykdysadyýet hem, amaly ykdysadyýet ylmy hem ykdy- sady statistikanyň maglumatlaryny, ykdysady görkezijileriň selje rilmegini, deňeşdirilmegini giňden peýdalanýar. Emma munuň özi ykdysadyýeti dar manydaky tejribe öwreniş ylmyna syrykdyrmaga delil bolup bilmez. Ykdysadyýet ylmy, şübhesiz, toplanan tejribäni öwrenýär we şonuň esasynda umumylaşdyrylan netijeleri çykarýar. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling