B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
§2. Ykdysadyýet ylmynyň usullary
Ykdysadyýet ylmy akyl ýetiriş usullarynyň giň toplumyny ulan ýar: • ylmy abstragirleme usuly obýektiň barlag edilişini tötänleýin, wagtlaýyn hadysalardan saplamakdan we mydamalyk, kysymdaş, mahsus sypatlary kesgitlemekden ybaratdyr. Abstragirleme usulynyň kömegi bilen barlag edilýän obýektleriň düýp mazmunyny aňladýan ylmy düşünjeler kesgitlenýär hem-de ykdysady modeller gurulýar; • analiz we sintez usuly hadysalaryň bölekler boýunça (analiz) we tu tuşlygyna özara baglanyşykda (sintez) öwrenilmegini göz öňünde tutýar; • materialistik dialektika usuly ykdysady hadysalara üznüksiz ösüşde we özara baglanyşykda seredilmegini aňladýar; • taryhy we logiki usullar ykdysady hadysalar öwrenilende, degiş li netijeleri çykarmak arkaly olara dogry baha berilmegine mümkin- çilik döretmek üçin ylmy barlaglaryň logiki taýdan yzygiderli umu mylaşdyryş bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar; 15 • induksiýa we deduksiýa usullary aýry-aýry şertleriň seljermesi esasynda umumy netije (induksiýa), umumy ýagdaýdan bolsa hususy netije (deduksiýa) çykarylýar; • mukdar üýtgeşmeleriniň hil üýtgeşmelerine geçişini ýüze çykar- ýan usul hadysalar seljerilende we umumylaşdyrylanda ykdysady iş we jemgyýetçilik ýaşaýşyndaky hadysalar baradaky statistiki maglu matlaryň giňden peýdalanylmagyna daýanýar; • ykdysady-matematiki modelirleme barlaglaryň ulgamlaýyn usullarynyň biri bolmak bilen, ykdysady hadysalaryň üýtgemeginiň sebäplerini, şol üýtgemeleriň kanunalaýyklyklaryny, olaryň netijele rini resmileşdirilen görnüşde kesgitlemäge, şonuň ýaly-da, ykdysady hadysalaryň çaklanmagyna mümkinçilik berýär; • ykdysady synaglar hatda, olaryň ähtimal netijelerini ykdysady durmuşda takyk çaklamak mydama mümkin bolup durmasa-da, ge reklidir. Her niçik bolanda hem, ykdysady synaglar hojalyk işine or naşdyrylanda, öz-özünden bolýan hereketleriň kadasyna öwrülmeli däldir. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling