B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet142/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   138   139   140   141   142   143   144   145   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Hyrydarlyk we hödürleme – haryt önümçiliginiň bazarda, haryt alyş-
çalşygy ýaýrawynda ýüze çykýan we işleýän ykdysady düşünjeler, iki sany 
düzüm böleginiň, ýagny hyrydarlygyň we hödürlemäniň dialektiki bitewili­
gi hökmünde çykyş edýärler.
Import – ýurduň içerki bazaryna harytlary ýa-da kapitaly beýleki ýurt­
lardan getirmek.
Inflýasiýa – pul aýlanyşygynyň akabalarynyň bildirilýän islege görä 
artyk pul massasy bilen onuň hümmetsizlenmegine getirip, aşa dolmagy.
Inflýasiýa harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň ösmeginde ýüze çykýar, 
bu bolsa öz gezeginde ilatyň hakyky girdejileriniň azalmagyna getirýär.
Infrastruktura – işleýän düzümleriň hyzmat etmek bilen meşgul bol-
ýan, ýagny önümçilik we önümçilige degişli bolmadyk (şol sanda söwda, 
durmuş we ş.m.) pudaklaryň we kärhanalaryň jemi.
Innowasiýa – ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ulan­
maklyga, şeýle hem ol täzeçillikleri işiň dürli ugurlarynda we gurşawlaryn­
da ulanmaklyga esaslanýan tehnikadaky, tehnologiýadaky, zähmeti gura­
makdaky we dolandyrmakdaky täzeçillikler.
Işçi güýji – maddy baýlyklary öndürmek üçin adam tarapyndan peý­
dalanylýan fiziki we ruhy ukyplarynyň jemi. Işçi güýji – önümçiligiň bir 
bölümidir.
Işsizlik – hemişelik iş haky bolmadyk işe ýaramly ilatyň barlygy bilen 
baglanyşykly ýüze çykýan durmuş-ykdysady hadysa.
Karz – karz beriji tarapyndan karz alyja yzyna gaýtarmak, köplenç, 
karz alyjy tarapyndan göterim tölemek şerti bilen pul ýa-da natural gör­
nüşde berilýän karz serişdelerdir. Karzyň şu esasy görnüşleri tapawutlan­
dyrylýar: gysga möhletli; uzak möhletli; kepillendirilen; döwlet tarapyndan 
berilýän; bank tarapyndan berilýän; sarp ediş; täjirçilik; halkara (daşary ýurt 
karzy); girewine berilýän karz.


213
Karz syýasaty – Merkezi bank we döwlet tarapyndan karz-pul ýaý­
rawynda amala aşyrylýan hem-de belli bir ykdysady we syýasy maksatlara 
ýetmeklige gönükdirilen çäreleriň ulgamy.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   138   139   140   141   142   143   144   145   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling