B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet138/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   134   135   136   137   138   139   140   141   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

kommision amallar – hyzmatlaryň edilmegi, tabşyryklarynyň ýerine 
ýetirilmegi, aralykçylyk amallary.
Bazar – köptaraplydyr, şonuň üçin ony köptaraplaýyn öwrenmek 
mümkindir. Hut şonuň üçinem ykdysady edebiýatda bazar adalgasynyň köp 
sanly kesgitlemesine duş gelmek bolýar.
Bazar – bu haryt önümçiliginiň we aýlanyşygynyň kanunlary boýunça 
guralan alyş-çalyş, haryt alyş-çalşygy babatyndaky gatnaşyklaryň köplügi.
Bazar – satyn alyjylar bilen satyjylaryň özara täsir ediş mehanizmi, 
başgaça aýdylanda, hyrydarlygyň we hödürlemäniň mynasybeti. 
Bazar – munuň özi önüm öndürijileri we sarp edijileriň ýurtlaryň içer­
sinde we olaryň aralaryndaky gatnaşyklaryň derejesinde baglanyşdyrýan 
alyş-çalyş ýaýrawydyr. 
“Bazar” düşünjesine çuňňur göz ýetirilmegi onuň jemgyýetçilik üznük­
siz önümçiliginiň bütin ulgamyndaky ornuny nazara almaklygy talap edýär. 
Şonuň üçin umumylaşdyrylan görnüşde bazar diýip, üznüksiz önümçiligiň 
ähli basgançaklarynda, ýagny önümçilikde, paýlaýyşda, alyş-çalyşda we 
sarp edişde aluw-satuwyň üsti bilen amala aşyrylýan guramaçylyk-ykdysa­
dy gatnaşyklaryň ulgamyna düşünmek bolar. 
Bazar infrastrukturasy – bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň erkin 
hereket etmegini üpjün edýän edaralaryň ýa-da kärhanalaryň (banklar, bir­
žalar, ýarmarkalar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, marketing firmalar) ul­
gamy.
Bazar mehanizmi – bazaryň esasy bölekleriniň, ýagny hödürlemäniň, 
hyrydarlygyň we nyrhlaryň özara baglanylmak we özara täsir edişmek me­
hanizmi.
Bazar nyrhy – 1) bäsdeşlikli erkin bazarda hyrydarlygyň we hödür­
lemäniň täsiri astynda emele gelýän nyrh, deňagramly nyrh; 2) harydyň 
hakyky bazarda belli bir wagtyň dowamynda emele gelýän nyrhy, harydy 
bazarda satyp boljak nyrh.
14. Sargyt №50


210

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   134   135   136   137   138   139   140   141   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling