B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet137/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   133   134   135   136   137   138   139   140   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

maddy we maddy däl toparlara bölünýär, maddy däl aktiwlere intellektu­
al önümler, patentler, beýleki kärhanalaryň bergi-borçnamalary, resurslary 
peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar degişlidir; 2) balansyň aktiwi – kär­
hananyň balansynyň bir bölegi bolup, kärhana degişli maddy däl gymmat­
lyklary, olaryň düzümini we ýerleşdirilişini pul aňlatmasynda beýan edýär; 
3) girdejileriň çykdajylardan agdyk gelýän bölegi.
Balans – 1) puluň, harytlaryň hut şol bir mukdarynyň girmegi we 
çykdajy edilmegi bolup durýanlygy sebäpli, biri-birine deň iki sany bölekden 
durýan mukdar mynasybeti. Girdejiler töleglerden ozýan we agdyk gelýän 
bolsa, ýagny ondan galyndy galsa, balans aktiw hasap edilýär. Girdejiler 
töleglerden yza galýan bolsa, oňa passiw balans diýilýär; 2) kärhananyň 
balans hasabaty beýan edilen resminama.
Bank – köp sanly hyzmatlary, ozaly bilenem, karzlara, süýşürintgilere 
we töleglere degişli hyzmatlary hödürleýän hem-de ykdysadyýetdäki islen­
dik kärhana babatynda köp dürli maliýe wezipelerini ýerine ýetirýän maliýe 
instituty.
Banklar – pul serişdelerini toplamak, karz bermek, pul hasaplaşyk-
laryny geçirmek we pul amallaryny ýerine ýetirmek bilen meşgulanýan 
ykdysady edaralar.
Şu banklar tapawutlandyrylýar:
1. Banklaryň banky – Merkezi bank.
2. Maglumatlar banky – maglumatlaryň toplanan köplügi.
3. Maýa goýum banky – ýöriteleşdirilen bank.
4. Innowasion bank.
5. Ipoteka banky.
6. Kliring banky.
7. Ösüş banky we başgalar.


209
Bank amallary – banklar tarapyndan pul serişdelerini, gymmatly ka­
gyzlary çekmek we ýerleşdirmek, hasaplaşyklary amala aşyrmak boýunça 
geçirilýän amallar. Şu bank amallary öz aralarynda tapawutlanýarlar:
aktiw amallar, olar arkaly banklar özlerinde bar bolan maliýe seriş­
delerini ýerleşdirýärler, ýagny karz berýärler, gymmatly kagyzlary satyn 
alýarlar:
passiw amallar, olar arkaly banklar maliýe serişdelerini emele getir-
ýärler, ýagny goýumlary çekýärler, soňunda aktiw serişdeler hökmünde 
peýdalanmak üçin gymmatly kagyzlary satýarlar;

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   133   134   135   136   137   138   139   140   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling