207
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ykdysadyýeti kadalaşdyrmakda döwletiň orny nähili bolmaly?
2. Jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini kadalaşdyrmak boýunça
döwletiň wezipeleri barada gürrüň beriň.
3. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň haýsy obýektlerini
bilýärsiňiz?
4. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň baş maksady
nämeden
ybarat? Ony Türkmenistanyň mysalynda düşündirmäge synanyşyň.
5. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylyşynyň haýsy usullary ulanylýar?
6. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylyşynda ulanylýan ugurlar barada
aýdyp beriň.
7. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ugurlarynyň we usullary-
nyň üýtgemegine näme täsir edýär?
8. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň nähili görnüşleri
bolýar?
9. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy”
atly
okuw gollanmasyny ulanyp, degişli mysallary getiriň.
10. Ileri tutulýan maksatlar diýip nämä düşünýärsiňiz?
11. Ileri tutulýan maksatlar amala aşyrylanda, Türkmenistan nähili
sepgitlere ýetmeli?
12. Döwletiň esasy ileri tutýan maksatlaryny sanaň.
208
ADALGALAR SÖZLÜGI
Aktiw – 1) eýelik edijiler tarapyndan goýlup, kärhana, firma, kompa
niýa degişli bolup durýan emlägiň we pul serişdeleriniň köplügi. Aktiwler
Do'stlaringiz bilan baham: