B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet133/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” 
okuw gollanmasynyň “Durmuş syýasaty we zähmet gatnaşyklary” ba-
byny okaň we gürrüň beriň.
2. Durmuş syýasatynyň özeni nämeden ybarat?
3. Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlary nähili mak-
satlara gönükdirildi?
4. Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlary haýsylar?
5. Türkmenistanda işgärleriň ortaça aýlyk iş hakyny ykdysadyýetiň
pudaklary boýunça seljermäge synanyşyň.
6. Girdejiler nämäni aňladýar?
7. Girdejileriň haýsy görnüşleri bar?
8. Iş haky we kömek tölegleriň arasyndaky mynasybeti düşündiriň. 
9. Girdejileri paýlamagyň nähili ýörelgeleri bar?
10. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde näme üçin girdejiler deň paýlanmaýar?
11. Girdejileriň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyşy nähili amala aşyrylýar?
12. Jemgyýetçilik sarp ediş gaznasynyň üsti bilen serişdeleriň paýla-
nyşyny düşündiriň.
ХХ. 
YKDYSADYÝETIŇ DÖWLET
KADALAşDYRYLYşY 
§1. Ykdysadyýeti kadalaşdyrmakda döwletiň wezipesi
Döwlet ykdysady ösüşi kadalaşdyrmakda özüniň möçberi 
boýunça çäkli, emma, ähmiýeti boýunça örän möhüm işini strategik 
meýilnamalaşdyryş, pul-karz, salgyt, gümrük, býujet-maliýe, maýa 
goýum, ylmy-tehniki, tehnologik, durmuş-medeni we daşary syýa­
satlary arkaly, şonuň ýaly-da kanunçylyk namalarynyň we hökümetiň 


202
kararlarynyň hojalyk subýektleri we raýatlar, ýuridik we fiziki şahslar 
tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen amala aşyrýar.
Ýurdumyzda durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen 
bazar ykdysadyýetiniň kemala gelýän şertlerinde döwlet tarapyn­
dan kadalaşdyrmagyň esaslary Türkmenistanyň Prezidenti, ykdy-
sady ylymlaryň doktory, TYA-nyň akademigi Hormatly Gurbanguly 
Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 
döwlet kadalaşdyrylyşy” atly okuw gollanmasynda beýan edilýär.
Döwletiň ýurtdaky hojalyk işinde bitirýän hyzmaty onuň ýerine 
ýetirýän wezipeleriniň üsti bilen ýüze çykýar. Jemgyýetiň durmuş-
ykdysady taýdan ösüşini kadalaşdyrmak boýunça döwletiň iň esasy 
wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
• jemgyýetiň we milli ykdysadyýetiň ösüşiniň strategik meýil­
namalarynyň hem-de hukuk esaslarynyň işlenip düzülmegi we tas­
syklanmagy;
• strategik maksatlara ýetmekde makroykdysady häsiýetdäki uzak 
möhletli ileri tutmalaryň kesgitlenmegi;
• milli önümiň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen girdeji­
leriň we baýlyklaryň gaýtadan paýlanmagy, serişdeleriň paýlanyşyna 
düzedişler girizilmegi;
• bazar ulgamynyň we bäsdeşlik gurşawynyň işleýşine goldaw 
berilmegi, monopoliýalara garşy kanunçylygyň üsti bilen bäsdeşligiň 
goralmagy; 
• bazar mehanizminiň käbir bölekleriniň hereketiniň çäklendi­
rilmegi;
• iş bilen üpjünçiligiň we puluň hümmetsizlenmeginiň derejeleri­
ne gözegçilik etmek arkaly ykdysadyýetiň durnuklaşdyrylmagy; 
• bazaryň we jemgyýetiň bähbitlerini nazara almak bilen merke­
zi we ýerli döwlet edaralary tarapyndan bilim, saglygy goraýyş ul­
gamlarynyň kadaly işlemeginiň üpjün edilmegi;
• jemgyýetiň, ekologiýanyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy;
• telekeçilik we täjirçilik düzüm birlikleriniň strategik we ykdy-
sady meýilnamalaşdyrylyşynyň döwlet dolandyryşy bilen gös-göni 
baglanyşykly işiniň kadalaşdyrylmagy.


203

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling