B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Ilatyň nominal we hakyky girdejileri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet131/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   127   128   129   130   131   132   133   134   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Ilatyň nominal we hakyky girdejileri
Ilatyň girdejileri adamlar tarapyndan alynýan we ýaşaýşyň bel­
li bir derejesini üpjün etmek üçin zerur maddy nygmatlaryň haky­
ny tölemek üçin harç etmäge niýetlenen maliýe serişdeleriniň jemini 
aňladýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ilatyň girdejileriniň esasy çeş­
mesi zähmet haky bolup durýar. Öý hojalyklarynyň girdejileriniň 
düzüminde olar, takmynan, dörtden üç bölegi eýeleýär.
Bazar ykdysadyýeti mahalynda adamlaryň hal-ýagdaýynyň dere­
jesi, ozaly bilen, olaryň alýan girdejileriniň möçberi bilen kesgitlenýär. 


198
Ilatyň girdejilerine dürli jähtlerden baha berilýär. Şonda aşakdaky 
esasy ölçeglerden ugur alynýar:
1. Nominal girdeji – aýry-aýry fiziki şahslar tarapyndan işiň belli 
bir wagtynyň dowamynda alynýan puluň mukdary.
Ilatyň nominal pul girdejileri dürli çeşmelerden emele gelýär: 
• önümçilik şerti üçin alynýan girdejiler – iş haky, peýda,
göterim, renta;
• jemgyýetçilik sarp ediş gaznalaryndan durmuş transfertleri gör­
nüşinde berilýän pullar – tölegler we ýeňillikler;
• maliýe ulgamyndan alynýan girdejiler – banklara goýlan 
süýşürintgi goýumlary we obligasiýalar boýunça göterimler, paýna­
ma haklary, ätiýaçlandyrylanlara tölenilýän serişdeler, lotoreýa utuş-
lary we başgalar. 
2. Ygtyýarlykdaky girdeji – işgärleriň we olaryň maşgalalary­
nyň şahsy sarp edişi we şahsy süýşürintgisi üçin peýdalanylýan puluň 
mukdary. Onuň möçberi nominal girdejiniň mukdaryndan salgytlaryň 
we hökmany tölegleriň möçberi az bolýar. 
3. Hakyky girdeji. Ol ygtyýarlykdaky girdejiniň hasabyna degiş­
li wagtyň dowamynda satyn alyp boljak harytlaryň we hyzmatlaryň 
mukdary bilen kesgitlenýär. Bu ýerde nominal we ygtyýarlykdaky 
girdejiniň hakyky girdeji bilen ara tapawudy nyrhlaryň üýtgeýiş de­
rejesi bilen kesgitlenýär. Puluň hümmetsizlenmegi nominal girdeji 
üýtgewsiz bolan mahalynda hakyky girdejiniň kemelmegine getirýär. 
Şonuň üçin nyrhlaryň ýokarlanmagy uzak dowam eden halatlarynda 
wagtal-wagtal iş hakynyň we durmuş tölegleriniň indeksleşdirilmegi 
geçirilip durulýar.
Ilatyň aglaba böleginiň esasy girdejileriniň çeşmeleri bolup, iş 
haky we kömek pul tölegleri çykyş edýär. Olaryň arasyndaky my­
nasybet adamlaryň ykdysady taýdan özlerini alyp baryşlaryna mese-
mälim täsir edýär. Hususan-da, girdejileriň düzüminde iş hakynyň 
agdyklyk etmegi adamyň işe bolan yhlasyny güýçlendirýär. Eger 
berilýän kömekleriň möçberi aşa köp bolsa, onda belli bir derejede 
ýaltalyk meýilleri ýüze çykyp başlaýar. Şonuň üçin girdejileriň bu 
görnüşleriniň özara möçberi örän esaslandyrylan bolmalydyr. 


199

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   127   128   129   130   131   132   133   134   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling