196
ХIХ.
DÖWLETIŇ DURMUş SYÝASATY
§1. Durmuş syýasatynyň mazmuny we maksatlary
Durmuş syýasaty dar manyda hökümet tarapyndan jemgyýetiň
dürli gatlaklaryna degişli agzalarynyň girdejilerini paýlamaklyga we
gaýtadan paýlamaklyga gönükdirilen hereketlerini aňladýar. Sözüň
giň
manysanda bolsa, ol makroykdysady kadalaşdyrylyşyň jemgyýet-
de durmuş durnuklylygy üpjün etmeklige, raýatlar üçin mümkin bol
dugyça bir meňzeş şertleri üpjün etmäge gönükdirilen ugurlarynyň
biri bolup durýar.
Türkmenistanda döwlet öz durmuş syýasatyny şu maksatlara
ýetmek üçin ugrukdyrýar:
• zähmete ukyply ähli raýatlaryň jemgyýetçilik önümçiligine iş
jeň gatnaşmagy hem-de ýaşaýyş serişdelerine bolan isleglerini kana
gatlandyrmak üçin öz zähmetlerine görä girdeji gazanmagy;
• ilatyň, ylaýta-da, az üpjünçilikli maşgalalaryň hal-ýagdaýynyň
we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin durmuş taýdan kepillendi
rilen şertleriň döredilmegi, bilimiň, saglygy goraýşyň, pensiýa üpjün-
çiliginiň we ş.m. ösdürilmegi;
• jemgyýetiň durmuş toparlarynyň, gatlaklarynyň aralaryndaky
we olaryň içindäki gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi;
• jemgyýetde durmuş adalatlylygynyň saklanmagy.
Do'stlaringiz bilan baham: