B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet125/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   121   122   123   124   125   126   127   128   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Adam kapitaly diýip, adatça, adamda bar bolan saglygyň, bilimle­
riň, endikleriň, ukyplaryň, delillendiriş sypatlarynyň onuň zähmet 
öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýän we girdejileriniň (iş 
hakynyň) artmagyna täsir edýän goruna düşünilýär.
Adam kapitaly dogabitdi bolubam bilýär, durmuş şertleriniň tä­
siri astynda emele gelibem bilýär. Şonda olaryň arasyndaky serhet 
şertlidir. Meselem, adamyň saglygy, fiziki güýji, ukyplary we zehini 
dogabitdi başlangyja-da, fiziki we psihologik türgenleşige, okamaga 
we ş.m. esaslanýan kemala geliş başlangyjyna-da eýedir. 
Adam kapitalynyň emele getirilmegi bilen baglanyşykly çykdajy­
lary işgärleriň özleri, iş berijiler we döwlet tarapyndan çykarylýar. 
Adam kapitalyny kemala getirmek üçin edilýän çykdajylaryň arasyn­
da bilime, saglygy goraýşa, işgäriň hereketjeňligine, ýagny iş ornuny 
çalyşmagyna çykarylýan harajatlar tapawutlandyrylýar. 
Adam kapitalyna şahsyýetiň öz bütin ömrüniň dowamynda 
emele gelýän ynsan sypatlarynyň gory hökmünde seredilýär. Adam 
kapitalyna çykarylýan harajatlar netijede işgärlere girdeji getirýär. 


191
Uzak wagtyň dowamynda alynýan girdejileriň we onuň üçin çykaryl-
ýan harajatlaryň degşirilip görülmegi rejeli pikir ýöredýän subýekt 
tarapyndan adam kapitalyna çykdajy etmegiň maksadalaýyklygy ba­
rada netije çykarylmagynyň esasynda durýar. 
şeýlelikde, ykdysady nukdaýnazardan adam kapitaly – bu girde­
ji gazanmagyň adamda emele gelen ukybynyň ölçegidir. 
§2. Zähmet çeşmeleri we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
Ilat – bu taryhy taýdan emele gelen we ynsan ýaşaýşynyň barşyn­
da tebigy suratda täzelenip durýan adamlaryň köplügidir hem-de ol 
her bir anyk ýurduň tebigy-geografik gurşawynyň çäklerindäki belli 
bir jemagat umumylygy bolup durýar. 
Ilatyň düzüminde onuň zähmete ukyply bölegi, ýagny işe ukyply 
ýaşdaky, öz akyl we fiziologik häsiýetleri boýunça zähmet çekmäge 
ukyply adamlaryň köplügi aýratyn bölünip çykarylýar. 
Zähmete ukyply ilatdan zähmet çeşmeleri emele gelýär, olar 
eýýäm dürli görnüşli harytlary öndürmäge gatnaşýan ýa-da şoňa 
taýýar adamlardyr. 
Zähmet çeşmeleriniň düzüminde aňly-düşünjeli işi jemgyýet 
üçin girdeji getirýän ykdysady taýdan işjeň ilat hem-de hak tölenýän 
işiň gözlegindäki işsizler bölünip çykarylýar.
Türkmenistandaky iş bilen meşgul ilatyň umumy düzüminde 
2013-nji ýylda iň köp bölek (42,3%) oba hojalygynyň, onuň yzyndan 
senagatyň (12,1%), gurluşygyň (9,2%), bilimiň, medeniýetiň we sun­
gatyň (7,3%) paýyna düşdi (40, s. 297). 
2013-nji ýylda ýurt boýunça iş bilen meşgul ilatyň kärhanalaryň 
guramaçylyk-hukuk görnüşleri boýunça bölünişiginde döwlet kärha­
nalaryna we guramalaryna 24,7%, hususy telekeçilikde 24,3%, daý­
han birleşiklerine 22,9% we şahsy kömekçi hojalyklara 16,8% degişli 
boldy (40, s. 296).
Iş bilen meşgul adamlara belli bir döwürde zähmet işi bilen meş­
gullanan 16 ýaşdan uly adamlaryň hemmesi degişli edilýär. Olar şu 
toparlara bölünýär:
• hakyna tutulyp, şertnamalar we ylalaşyklar boýunça, pul we zat 
görnüşindäki iş hakyny alyp işleýänler;


192
• öz-özüni iş bilen üpjün edýänler, peýda ýa-da maşgala girdejisi­
ni gazanmak üçin belli bir döwürde haýsydyr bir işi ýerine ýetirmek 
bilen hakyna tutulmazdan işleýänler, öz işini ýola goýan adamlar (iş 
berijiler, öz hasabyna önümçilik kooperatiwlerini, daýhan hojalykla­
ryny ýöredýänler); 
• ýekebara telekeçiler.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ilaty iş bilen üpjün etmekde 
zähmet biržalarynyň uly ähmiýeti bardyr. Olar, bir tarapdan, kärha­
nalardan we guramalardan işçi güýjüne bolan sargytlary, beýleki ta­
rapdan, işe ýerleşmek isleýän raýatlardan hünäri boýunça işe durmak 
baradaky arzalary kabul etmek bilen, işçi güýjüniň hyrydarlyk we 
hödürleme esasynda paýlanmagyna mümkinçilik döredýär. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   121   122   123   124   125   126   127   128   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling