B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet122/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelikde, häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň guramaçylyk 
düzümini üýtgetmek, bazar gatnaşyklarynyň täze subýektlerini emele 
getirmek arkaly geljekde önümçiligi dolandyrmagyň esaslary kemala 
gelýär. Hojalyk işiniň täze görnüşleriniň döremegi we ösmegi ykdy-
sadyýeti hil taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini çözmäge ukyply 
hereketlendiriji güýçleriň pugtalanmagyna ýardam eder. 
§3. Dolandyryşyň maglumat tehnologiýalary esasynda 
guralýan awtomatlaşdyrylan usullary
Önümçiligi dolandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy-da 
ileri tutlýan ugurlarynyň biri hem edara ediş-hojalyk işinde-de, kärha­
nalardaky tehnologik düzgünler babatynda-da, maglumatlaryň kom­
pýuter binýatlarynyň esasynda guralýan awtomatlaşdyrylan dolandy­
ryş ulgamlarynyň peýdalanylmagydyr.
Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmagyň esasy 
şertleri milli ykdysadyýetiň we onuň düzüm birlikleriniň kadaly işle­
megi, maddy, maliýe we zähmet çeşmeleriniň netijeli peýdalanylma­
gy, şonuň ýaly-da esaslandyrylan hojalyk çözgütleriniň kabul edilme­
gi üçin ykdysady-matematiki usullaryň we kompýuter tehnikasynyň 
ulanylmagy bolup durýar. 
Häzirki wagtda ministrliklerde we pudak edaralarynda maglu­
matlaryň elektron dolanyşygyny girizmek boýunça işler başlandy. 
Netijede, bu iş ähli edaralar, guramalar we kärhanalar boýunça-da 
ýaýbaňlandyrylar. Şonuň ýaly-da ýakyn ýyllarda “Ekektron hökümet” 


186
ulgamynyň döredilip, resmi maglumat alyş-çalşynyň gerimini has-da 
giňeltmek göz öňünde tutulýar. 
Ykdysady edaralaryň derejesinde elektron maglumat binýatlaryny 
döretmegiň we olaryň esasynda ýörite kompýuter programmalaryny 
ulanmak bilen hasaplamalary geçirmegiň şu jähtleri aýratyn möhümdir:
• aýry-aýry hasaplamalardan olaryň toplumlaýyn ulgamyna geçil­
megi;
• maglumatlaryň we hasaplamalaryň aýry-aýry kiçi ulgamlary­
nyň döredilmegi;
• hasaplamalaryň mydama üsti ýetirilip durulýan tükel maglumat 
üpjünçiligi.
Bu ugurdaky işleriň netijeliligi, ilkinji nobatda, şu meseleleriň 
çözülmegine bagly bolup durýar:
• dolandyryşa dahylly maglumatlary ýygnamagyň, geçirmegiň, 
işlemegiň we saklamagyň elektron ulgamynyň döredilmegi;
• kadalaýyn tehniki-ykdysady görkezijiler binýadynyň döredilmegi;
• ykdysady maglumatlary klassifikasiýalaşdyrmak we kodlaşdyr­
mak ulgamynyň mundan beýlägem kämilleşdirilmegi.
Şonuň bilen baglylykda ykdysady klassifikatorlaryň ähmiýeti 
has-da artýar. Häzirki wagtda olaryň tutuş ulgamy hereket edýär. Ba­
zar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen klassifikatorlar yzygiderli kämilleş­
dirilýär. Hususan-da, Türkmenistanda ykdysady işleriň görnüşleriniň 
klassifikatoryna geçilýär.
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň strategiýasyny tehniki-ykdy-
sady taýdan esaslandyrmakda maddy, zähmet, maliýe serişdelerini 
harçlamagyň, olaryň netije berşiniň umumy we pudaklaýyn kadala­
rynyň işlenip düzülmeginiň çaklaýyş, meýilnamalaşdyryş we dolan­
dyryş çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik ediş işlerinde iňňän 
möhümdigini belläp geçmek gerek. 
Şonuň ýaly-da, kämil kompýuter tehnikasy, onuň degişli 
programmalary, elektron maglumatlary geçirmegiň we saklamagyň 
häzirki zaman serişdeleri bilen üpjünçilik, şeýle hem şol serişdeler 
bilen iş salşyp bilýän hünärmenleriň ýeterlik bolmagy ýaly meselele­
riň çözülmegi dolandyryşyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny durmuşa 
giňişleýin ornaşdyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar. 


187

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   118   119   120   121   122   123   124   125   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling