B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet120/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

DoLANDYRYşYŇ ILERI TUTULÝAN 
uGuRlARY
§1. Dolandyryşyň ylmy netijeleri
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetçilik 
ýaşaýşynyň ähli ýaýrawlaryny dolandyrmaklyga bildirilýän talaplar 
güýçlenýär. Şonuň üçin dolandyryşda şu netijeleriň gazanylmagyna 
mümkinçilik berip biljek ileri tutulýan ugurlary öňe çykýar:
• pudak edaralarynyň aralaryndaky üzňeligiň aradan aýrylmagy;
• ýokary ahyrky netijeleriň gazanylmagyna bolan gyzyklanma­
nyň artdyrylmagy;


182
• milli ykdysadyýetiň ähli bölüm birliklerine täsirli ýolbaşçylyk 
etmek üçin şertleriň döredilmegi;
• önümçiligi ösdürmekde we onuň netijeliligini ýokarlandyr­
makda dolandyryş işgärleriniň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy;
• önümçilik serişdeleriniň tygşytly we rejeli peýdalanylmagy.
Türkmenistanda senagatyň, oba hojalygynyň, gurluşygyň, ula­
gyň we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň häzirki zaman 
ösüş derejelerine laýyklykda, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek 
boýunça uly işler amala aşyrylýar. 
Ykdysadyýetde bolup geçýän hadysalaryň çylşyrymlaşmagy 
we olardaky üýtgeşmeler dolandyryşyň şoňa laýyk gelýän ulgamy­
nyň kemala getirilmegini talap edýär, ol hem ýurduň önümçilik ýaý­
rawyny ösdürmegiň häzirki mümkinçiliklerini we isleglerini nazara 
almaga gönükdirilmelidir.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşiniň has öndümli bolma­
gy dolandyryşyň bütin ulgamynyň täsirli we takyk bolmak zerurly­
gyny şertlendirýär. Geljek döwür üçin durmuş-ykdysady özgertmeler 
strategiýasy dolandyryş ulgamynyň ylmy derejesiniň ýokary bolma­
gyny göz öňünde tutýar.
Bu meseläniň çözülmegi şu aşakdakylara baglydyr:
• jemgyýetçilik islegleriniň has takyk öwrenilmegi;
• ykdysady mümkinçilikleriň ylmy taýdan çaklanmagy;
• hemme taraplaýyn seljeriş we dürli hojalyk çözgütlerine baha 
berilmegi;
• obýektiw ykdysady kanunlaryň täsiriniň hökmany suratda na­
zara alynmagy;
• ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna bil baglanylmagy, öňde­
baryjy tejribäniň we adamlaryň döredijilik başlangyçlarynyň nazara 
alynmagy;
• milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň deňölçegli ösüşiniň üpjün 
edilmegi.
Ýokarda beýan edilenler milli ykdysadyýetiň deňölçegli ösmek 
mümkinçiliklerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de ony do­
landyrmagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak üçin esas bolup durýar, 
şonlukda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ilerlemesi üpjün edilýär.


183

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling