B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Söwda we jemgyýetçilik iýmiti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet117/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Söwda we jemgyýetçilik iýmiti
Söwda önümçilik we sarp ediş ýaýrawlarynyň arasyndaky 
baglanyşdyryjy halka bolmak bilen, ilatyň sarp ediş harytlaryna bo­
lan barha artýan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, satyn alyjylara 
hyzmat edilişiniň gowulandyrylmagyny, olaryň haryt satyn almaga 
sarp edýän wagtynyň tygşytlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen 
wezipeleri ýerine ýetirýär. Munuň üçin sarp edijileriň islegleri nazara 


177
alynýar, önümleriň görnüş sanawyny giňeltmek we harytlaryň hilini 
ýokarlandyrmak babatda senagat kärhanalary bilen özara gatnaşyklar, 
şonuň ýaly-da ilata hyzmat etmegiň usullary kämilleşdirilýär. 
Şonuň bilen baglylykda hem-de ilatyň girdejileriniň ýokarlan­
magy bilen ýurtda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi ýyl­
saýyn artýar, azyklyk we azzyk däl sarp ediş harytlaryna bolan is­
legler has doly kanagatlandyrylýar. Ýurtda bölek satuw söwdasynyň 
2000–2013-nji ýyllardaky ösüş görkezijileri 25-nji tablisada berilýär. 
25-nji tablisa
Türkmenistanda söwdanyň ösüşiniň esasy görkezijileri
Görkezijiler
 Ýyllar
2000 2005
2010
2012
2013
Bölek satuw haryt dolanyşy gy nyň 
hereket edýän nyrhlardaky umumy 
möçberi, mln manat
1865 8667 18924 25420 30274
şol sanda:
– söwda kärhanalary we guramalary
666
883
1703 1807 2143
– azyk, azyk däl we garyşyk 
harytlaryň bazarlary
1199 7784 17221 23613 28131
Bölek söwdadaky we iýmit taýýar­
laýan kärhanalardaky haryt gorlary 
(ýylyň ahyryna), mln manat 
94
95
240
327
360
Bölek söwda kärhanala rynyň sany 
(ýylyň ahyryna)
1378 1352 3375 6553 9430
Iýmit kärhanalarynyň sany (ýylyň 
ahyryna)
267 1289 1368 1125 1251
Çeşmeler: (34, s. 107); (38, s.127); (40, s.136).
Maglumatlardan görnüşi ýaly, 2013-nji ýylda bölek satuw haryt 
dolanyşygynyň umumy möçberi 30274 mln manat boldy hem-de ol 
2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 16,2 esse, 2005-nji ýyldaka görä 
bolsa 3,5 esse artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy möç­
beriniň depginli ösüşi ilata satylýan harytlaryň esasy görnüşleriniň 
möçberleriniň artmagy, sarp ediş bazarynyň harytlar bilen doýgun 
bolmagy we olaryň görnüş sanawynyň giňelmegi bilen häsiýetlenýär.
12. Sargyt №50


178
Bölek satuw haryt dolanyşygynyň söwdanyň ýaýrawlary 
boýunça paýlanylyşy iki ugur, ýagny söwda kärhanalary we gura­
malary hem-de azyklyk, azyk däl we garyşyk harytlaryň bazarlary 
boýunça amala aşyrylýar. Söwda kärhanalarynyň we guramalary­
nyň 2013-nji ýyldaky bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 
2000-nji ýyldaka görä 3,2 esse, azyklyk, azyk däl we garyşyk ha­
rytlaryň bazarlary boýunça hem 23,5 esse köpeldi. Bölek satuw 
haryt dolanyşygynyň 2000-nji ýyldaky umumy möçberinde söwda 
kärhanalarynyň we guramalarynyň tutýan bölegi 35,7%, azyklyk, 
azyk däl we garyşyk harytlaryň bazarlarynyň tutýan bölegi hem 
64,3% boldy, 2013-nji ýylda bolsa bu san degişlilikde 7,1%-e we 
92,9%-e barabar boldy. 
Bölek satuw söwdasy we jemgyýetçikik iýmiti kärhanalarynyň 
hususylaşdyrylmagy hem-de söwda pudagynda hususy telekeçiligiň 
çalt ösmegi netijesinde, bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy 
möçberinde azyklyk, azyk däl we garyşyk harytlaryň bazarlarynyň 
tutýan bölegi seljerilýän döwürde 64,3%-den 92,9%-e çenli ýokarlan­
dy. Işi, esasan, býujetden maliýeleşdirilýän kärhanalara, guramalara 
we edaralara söwda hyzmatlaryny etmek hem-de ilaty harytlaryň aý­
ry-aýry görnüşleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly 
bolan döwlet söwda kärhanalarynyň paýy degişlilikde azaldy.
Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň köpelmegi bilen 
bir hatarda, söwda edýän kärhanalaryň haryt gorlarynyň möçberle­
ri-de artýar. Munuň özi ilaty zerur harytlaryň dürli görnüşleri bilen 
üznüksiz we durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling