B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet115/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Bedenterbiýe we sport. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda 
bedenterbiýe we sport işi doly kämilleşdiriş tapgyryny başdan geçir­
di. Soňky ýyllarda Buzly köşgi, uly sport binalary guruldy, “Köpet-


174
dag” stadionynyň durky täzelendi. Ähli welaýatlarda täze, häzirki 
zaman stadionlary işe girizildi. Aşgabadyň etegindäki “Saglyk” ýoly 
paýtagtyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň mydama gelim-gidimli 
ýerine öwrüldi.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň 
bol ma gy paýtagtymyzy sportuň dürli görnüşleri boýunça milli, sebit-
leýin we dünýä ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän ýerine öwürdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 
sporty mundan beýlägem ösdürmegiň esasy wezipelerine ilatyň giň 
gatlaklaryny bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, beden 
taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, dünýä derejesindäki ýa­
ryşlara gatnaşmaga taýýarlykly türgenleri ýetişdirip, sportuň maddy 
binýadyny has-da pugtalandyrmak degişlidir.
Şu wezipeleri çözmek üçin paýtagtda Olimpiýa şäherçesi döredil-
ýär. Ýurduň ähli künjeklerinde dürli sport desgalary bar, welaýatlaryň 
hemmesinde at çapylýan aýlawlar gurulýar. 
Iri senagat kärhanalarynyň we iri edaralaryň ýanlarynda olaryň 
öz serişdeleriniň hasabyna bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, 
sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň gurulmagy göz 
öňünde tutulýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky 
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini 
özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatna­
masynyň” çäklerinde ýurtda jemi 75,5 müň orunlyk sport mekdepleri 
we merkezleri, şonuň ýaly-da 180 sany sport desgaly binalar gurlar.
şeýlelik bilen, şu çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde 
hem-de ilatyň giň gatlaklarynyň sagdyn ýaşaýş durmuşyna girmegi 
bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetçilik 
ýaşaýşynyň iň möhüm ýaýrawlarynyň birine öwrüler. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling