B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§5. Sarp ediş harytlarynyň we tölegli hyzmatlaryň bazary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet118/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   114   115   116   117   118   119   120   121   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§5. Sarp ediş harytlarynyň we tölegli hyzmatlaryň bazary
Sarp ediş bazary harytlary öndürijiler we sarp edijiler, ozaly 
bilen-de ilat bilen baglanyşdyryjy halka bolup durýar. Şonda önüm 
öndüriji çykaran harajatlaryny ödemäge we mümkin boldugyça, köp 
peýda gazanmaga, sarp ediji bolsa, öz sarp ediş isleglerini kanagat­
landyrmaga ymtylýar. Bu hereketler mazmuny boýunça biri-birlerine 
gapma-garşy bolsa-da, olaryň arasynda özara jebis baglanyşyk bardyr.


179
Sarp ediş bazarynyň işleýşini gowulandyrmak üçin önümçiligiň 
sarp ediji bilen kadaly özara baglanyşygyny ýola goýmagyň meha­
nizmi bolmalydyr. Munuň özi bazar ykdysadyýeti mahalynda olaryň 
bähbitleriniň arasyndaky obýektiw gapma-garşylygyň çözülmegine 
hem-de adamlaryň ykdysady bähbitleriniň ylalaşdyrylmagyna müm­
kinçilik berýär. Bu ýerde sarp ediş harytlarynyň öndürilişiniň we ilata 
edilýän tölegli hyzmatlaryň ösmegi möhüm ähmiýete eýedir. 
Türkmenistanda sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň ösüş ýag­
daýy 26-njy tablisada getirilen görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär.
26-njy tablisa
Türkmenistanda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi, million manat
Görkezijiler
 Ýyllar
2000
2005
2010
2012
2013
Sarp ediş harytlary
1287
3779
6159
6719
6999
şol sanda:
– azyk harytlary
758
2367
3867
4004
4147
– azyk däl harytlar
476
1315
2057
2400
2595
şolardan:
– ýeňil senagat harytlary 
433
1252
1743
1828
1952
– alkogolly içgiler
53
97
235
315
257
Çeşmeler: (35, s.33); (40, s.34).
Maglumatlardan görnüşi ýaly, 2013-nji ýylda öndürilen sarp ediş 
harytlarynyň möçberi 6999 mln manat boldy we 2000-nji ýyl bilen 
deňeşdirilende, 5,4 esse, 2005-nji ýyldaka görä bolsa, 1,8 esse köpel­
di. Munuň özi öndürilýän harytlaryň sarp ediş bazarynda satylyşynyň 
durnukly ösmegi, olara bolan islegleriň ýokarlanmagy bilen aýryl­
maz baglanyşyklydyr, çünki islegleriň artmagy önümçiligiň ösmegi­
ne itergi berýär.
Sarp ediş harytlaryň öndürilişinde düzümleýin üýtgeşmeler hem 
bolup geçdi. Onuň düzüminde azyk däl harytlaryň paýy ýokarlanmak 
meýline eýedir. Munuň özi azyk däl harytlaryň önümçilik möçberle­
riniň ýokary ösüş depginleri bilen şertlendirilendir, ýagny ol 2013-nji 
ýylda 2000-nji ýyldaka garanyňda 5,4 esse köpeldi. Beýleki bir tarap­


180
dan, bu ýagdaý ilatyň sarp ediş islegleriniň düzümindäki kanunalaýyk 
üýtgeşmeler bilen-de baglanyşyklydyr. Jemgyýet näçe gurply bolsa, 
ilatyň azyklyk harytlara bolan islegleri belli bir kadanyň çäginde dur­
nuklaşyp, azyk däl sarp ediş harytlaryna we tölegli hyzmatlara bolan 
islegleri barha artýar.
Artyş, esasan, ýeňil senagat harytlarynyň (2013-nji ýylda onuň 
möçberi 2000-nji ýyldakydan 4,5 esse köpeldi), şonuň ýaly-da, ozal 
ýurtda öndürilmeýän harytlaryň hasabyna gazanyldy. 
Öndürilen azyklyk harytlaryň möçberi 2013-nji ýylda, 2000-nji 
ýyl bilen deňeşdirilende, 5,5 esse köpeldi. 2013-nji ýylda sarp ediş 
harytlarynyň öndürmegiň umumy möçberinde olaryň tutýan paýy 
59,3% boldy. Azyk bazarynyň ösmeginde ykdysadyýetiň döwlete da­
hylsyz böleginiň tutýan orny ýokarlanýar.
Sarp ediş harytlarynyň öndürilişiniň we söwdasynyň ösmegi bi­
len bir hatarda, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleri-de bar­
ha artýar. Meselem, 2013-nji ýylda olaryň möçberi 9538 mln manat 
boldy we 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,4 esse, şol sanda dur­
muş hyzmatlarynyň möçberi 6,1 esse köpeldi (40, s.146).
Geljekde ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleriniň esli 
artmagyna garaşylýar. Şonda ilata edilýän kepillikli mugt hyzmatlar 
bilen bazar gatnaşyklaryna mahsus tölegli hyzmatlaryň möçberleri­
niň esaslandyrylan mynasybetiniň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýete 
eýe bolýar.
Degişli döwlet edaralary tarapyndan-da, hususy sektor tarapyn­
dan-da edilýän tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň ösmegi 
tölegli hyzmatlaryň düzüminde olaryň paýynyň ýokarlanmagyny 
şertlendirýär. Ilatyň girdejileriniň artmagy bilen, syýahatçylyk-geze­
lenç we şypahana hyzmatlarynyň möçberleri çalt köpelýär. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   114   115   116   117   118   119   120   121   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling