206
4. Hojalyk subýektlerinden, ýuridik we fiziki şahslardan býujete
gelip düşýän serişdeleriň hasabyna
döwlet maliýeleşdirişi.
5. Hojalyk subýektleriniň, aýratynam, hususy, telekeçilik sub-
ýektleriň ykdysady işine kanunçylykda kesgitlenen derejede
döwletiň
göni gatyşmagy.
6. Hojalyk subýektleriniň ykdysady işine bazar gatnaşyklarynyň
düzgünlerine laýyklykda
gytaklaýyn täsir etmegi.
§5. Döwletiň esasy ileri tutýan maksatlary
Döwletiň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasy ileri tutulýan şu
esasy maksatlaýyn sepgitleriň eýelenmegine syrygýar:
• ýurduň
milli howpsuzlygy;
• içerki syýasy durnuklylyk we jemgyýetiň jebisleşmegi;
• önümçiligiň we telekeçilik işiniň ösdürilmegini maliýeleşdir
mek üçin eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň we ilatyň
içerki süýşürintgileriniň hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň çe
kilişiniň derejeleri ýokary bolan, açyk hojalyk gatnaşyklaryna daýan-
ýan ykdysady ösüş;
• ýurduň raýatlarynyň saglygy, bilimi we abadançylygy;
• ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýangyç-energetika resurslary
nyň netijeli peýdalanylmagy;
• infrastrukturanyň (aýratyn hem ulagyň we aragatnaşygyň)
ösdürilmegi;
• esasy wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge ukyply we dolandy
ryş işgärleriniň hünär taýýarlyklary boýunça döwlet dolandyryşynyň
ýola goýulmagy.
Do'stlaringiz bilan baham: