B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda adamyň 
nähili orny bar?
2. “Ykdysady adam” barada düşünje beriň.
3. ”Ykdysady adamyň” haýsy nusgalary bar?
4. ”Adamy nusgalaşdyrmagyň” nähili ugurlaryny bilýärsiňiz?
5. Adam ösüşiniň indeksi diýip nämä aýdylýar?
6. Jemgyýetde adam ösüşiniň indeksiniň ähmiýeti barada gürrüň beriň.
II. 
TÜRKMENISTAN MILLI YKDYSADYÝETIŇ 
oBÝEKTI HÖKMÜNDE
§1. Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady 
häsiýetnamasy
Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen ählihalk 
pikir soraşmasynda halkyň erk-islegini bildirmeginiň hem-de parla­
ment tarapyndan Garaşsyzlyk hakyndaky kanunuň kabul edilmegi ne­
tijesinde dünýäniň syýasy kartasynda dörän täze garaşsyz döwletdir. 
Garaşsyzlyk hakyndaky kanunalaýyklykda Türkmenistan de­
mokratik hukuk döwleti diýlip yglan edildi. Ol öz çäginde häkimiýete 
doly eýelik edýär, içeri we daşary syýasatlaryny özbaşdak durmuşa 
geçirýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup 
durýar, öz daşary syýasatynda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulan­
makdan ýüz öwürmek, başga döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk 
ýörelgelerine eýerýär. Ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ka­
dalarynyň ileri tutulmagyna ygrarlydyr.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatdaky ugry dünýädäki we 
sebitdäki ösüşiň barşynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlara çuňňur 
düşünilmegine, döwletiň geosyýasy ornuny göz öňünde tutup, esasy 
ýagdaýlary jikme-jik seljermek we biri-birinden tapawutlandyrmak 
esasynda geljekki ýagdaýlaryň öňünden kesgitlenmegine, ilkibaşdan 
özara baglanyşykly bolan we subut edilmegini talap etmeýän häsiýetli 
ýagdaýlaryň ikisine: geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara esaslanýar.


28

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling