B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümi


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümi
Ykdysadyýetiň düzümi köp ugurly düşünje bolup, oňa hojalyk 
ulgamynyň dürli düzüm bölekleriniň mynasybetini görkezýän dürli 
nukdaýnazarlardan garamak mümkindir. Adatça, durmuş, pudaklaýyn, 
üznüksiz önümçilik we sebitleýin düzümler bölünip çykarylýar.
Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümi giň manyda jemgyýetçilik 
zähmet bölünişiginiň ulgamynda aýratyn önümçilik şertleri bilen hä­
siýetlenýän hem-de giňeldilen üznüksiz önümçilik mahalynda özbo­
luşly wezipäni ýerine ýetirýän hojalyk birlikleriniň hil taýdan birmeň-
zeş toparlarynyň köplügi bolup durýar.


33
3. Sargyt №50
Milli hojalyk pudaklaryň köp sanlysyndan ybarat bolan 
çylşyrym ly ykdysady ulgamdyr. Şol pudaklar jemgyýetçilik zähmet 
bölünişiginiň täsiri astynda kesgitlenip, olara öndürilýän önümleriň, 
peýdalanylýan çig malyň, tehnologik işiň we öndüriji güýçleriň düzü­
miniň özboluşlylygy mahsusdyr. 
Jemgyýetçilik önüminiň emele gelşini, milli girdejiniň döredi­
lişini we jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň häsiýetini nazara almak 
bilen, milli hojalyk iki sany ýaýrawa, ýagny maddy önümçilige we 
önümçilik däl ýaýrawa bölünýär.
Maddy önümçilik ýaýrawyna maddy nygmatlar döredilýän,
hususan, şu pudaklar degişlidir:
1. Senagat,
şol sanda:
elektrik energetikasy;
• ýangyç senagaty;
olardan:
• nebit çykarýan senagat;
• nebiti gaýtadan işleýji senagat;
• gaz senagaty.
• maşyn gurluşygy we metal işläp bejeriş;
• himiýa senagaty.
• gurluşyk materiallary senagaty.
• ýeňil senagat;
• azyk senagaty.
2. Oba hojalygy.
3. Ýük daşaýan ulaglar.
4. Aragatnaşyk (önümçilik pudaklaryna hyzmat etmek boýunça).
5. Gurluşyk.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling