B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Milli ykdysadyýet – bu haýsy hem bolsa bir döwletiň içinde 
amala aşyrylýan ykdysadyýetdir. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 
ösüşini gazanmak üçin:
• ykdysadyýetiň ösüş depginini ýyl-ýyldan artdyrmaly;
• çig mal önümlerini gaýtadan işläp, taýýar önüm öndürmeli;
• täze iş orunlaryny emele getirmeli;
• harytlaryň sanyny we hilini artdyrmaly;
• puluň hümmetini ýokarlandyrmaly.
Türkmenistany ösdürmegiň maksady ilatyň jan başyna düşýän 
hasap boýunça jemi önümiň öndürilişini artdyrmakdan, ýagny hakyky 
önümi köpeltmekden ybaratdyr. Munuň özi, elbetde, halkyň ýaşaýyş 
derejesiniň ýokarlanmagyna, maddy önümleriň artmagyna getirer 
we harajatlary azaltmak ýörelgelerine laýyk geler. Bu bolsa täze is­
legleri kanagatlandyrmaga, ýurduň içinde-de, halkara derejesinde-de 
durmuş-ykdysady meseleleri göwnejaý çözmäge ýardam eder.
Milli ykdysadyýetiň häzirki zamandaky ösüş derejesi, onuň ge­
riminiň giňelmegi dolandyryş edaralarynyň hojalygy guraýyş işiniň 
ýaýbaňlandyrylmagyny, olaryň wezipeleriniň giňelmegini, olar ta­
rapyndan dolandyryşyň täze usullarynyň ulanylmagyny göz öňünde 
tutýar. Bu möhüm, oňyn meýiller ol ýa-da başga bir görnüşde ýurduň 
ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlarynda ýüze çykýar. 
Milli ykdysadyýetiň emele gelen düzümi we dolandyryşyň däp 
bolup gelýän görnüşleri häzirki zaman ykdysady hadysalaryna doly 
gabat gelmeýär, jemgyýetiň täze durmuş isleglerini kanagatlandyr­
maýar. Ykdysadyýetiň ähli düzüm birlikleriniň kadaly işlemegini 
üpjün etmek üçin ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, şonuň ýaly-


43
da durmuş-ykdysady mehanizmindäki düzümleýin ilerlemeler baba­
tyndaky toplanan tejribäni peýdalanmak arkaly dolandyryşyň bar bo­
lan usullarynyň we serişdeleriniň kämilleşdirilmegi zerurdyr.
Dolandyryşyň düzümi diňe bir innowasion hadysalar we önümçi­
ligiň ugry bilen däl, eýsem, hojalygyň ölçegi, esasy serişdeler bilen 
abzallaşdyrylyş derejesi, kärhanalaryň ýöriteleşmesi we önümçiligiň 
bir ýere jemlenmegi, çig mal binýadynyň, önümçilik kuwwatynyň de­
rejesi, zähmet resurslary bilen üpjünçilik, önümçiligi dolandyrmagyň 
pudaklaýyn aýratynlyklary ýaly ençeme alamatlar bilen kesgitlenýär. 
Bu alamatlar dolandyryşyň guramaçylyk düzümi esaslandyrylanda 
anyk mazmuna eýe bolýar. 
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny beýan edýän ähli 
maksatnamalaýyn resminamalarda diýen ýaly milli ykdysadyýeti 
düzüm taýdan üýtgedip gurmak meselesiniň göni daşary ýurt maýa 
goýumlaryny çekmek arkaly çözülmegi göz öňünde tutulýar. Daşary 
ýurt maýa goýujylary üçin öňdebaryjy daşary ýurt tehnikasyny we 
tehnologiýalaryny, dolandyryş tejribesini milli ykdysadyýetde peýda­
lanmak üçin ykdysady şertler döredilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşla­
ryň bähbitleriniň goralmagy kanun tarapyndan kepillendirilendir. 
Düzümleýin ilerlemeleri göz öňünde tutýan maýanyň ugry, ozaly 
bilen, jemgyýetiň ahyrky isleglerini kanagatlandyrýan (oba senagat 
toplumy, ýeňil senagat we ş.m.) hem-de şolaryň kadaly işlemegine 
şert döredýän (ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk materiallary se­
nagaty we ş.m.) pudaklara gönükdirilmelidir. Oba senagat toplumy­
nyň guramaçylyk düzüminiň kämilleşdirilmegi aýratyn möhüm bo­
lup durýar. Onuň düzüminde daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, 
kooperatiwler, kiçi we orta hususy kärhanalar ýaly täze guramaçylyk 
birlikleri ýüze çykýar.
Häzirki wagtda dolandyryşyň guramaçylyk görnüşlerinde düýpli 
ilerlemeler bolup geçýär. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, dür­
li konsernler, assosiasiýalar, konsorsiumlar, paýdarlar jemgyýetleri 
döredilýär. Dolandyryşyň täze guramaçylyk görnüşleriniň berkarar 
bolmagynda eýeçiligiň köp dürli görnüşleriniň mümkinçiliklerini 
peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Hut şunda hem bazar meha­
nizminiň ähli bölekleriniň özara jebis baglanyşygy ýüze çykýar.


44

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling